Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ёханна 10:3 - Mukaddes Kitap

3 Sakçy oňa gapyny açyp berýändir. Goýunlar çopanyň sesini eşidýändirler. Çopan hem goýunlaryny atma-at çagyryp, olary örä alyp çykýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Сакчы оңа гапыны ачып берйәндир. Гоюнлар чопаның сесини эшидйәндирлер. Чопан хем гоюнларыны атма-ат чагырып, олары өрә алып чыкяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ёханна 10:3
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Gititde. Asafyň mezmury.


Reb Musa: «Men seniň edil soran zadyňy ederin, sebäbi sen Meniň nazarymda merhemet tapdyň we Men seniň adyňy gowy tanaýaryn» diýdi.


Öz sürüleriň ýagdaýyny ýagşy bil, mallaryňa üns ber.


Eý, baglarda mesgen tutan! Ýoldaşlarym owazyňy diňleýärler; men-de owazyňy eşideýin.


Ol sürüsini çopan kimin bakýar, guzulary Öz eline alýar, olary göterip, bagryna basýar, ene goýunlara ýol görkezýär.


Körleri bilmeýän ýollaryndan äkiderin, iderin tanyş bolmadyk ýodalaryndan, öňlerinde garaňkylygy ýagtylyga, çarkandakly ýerleri tekiz ýere öwrerin. Mendirin bulary etjek, olary terk etmerin.


Men gowy çopandyryn. Edil Atamyň Meni, Meniňem Atamy tanaýşym ýaly, Men goýunlarymy tanaýandyryn. Olar-da Meni tanaýandyrlar; Men goýunlarym üçin janymy pida edýärin.


Meniň bu agyldakylardan başga-da goýunlarym bar. Men olary hem ýygnamalydyryn. Olar hem Meniň sesimi eşiderler, şonda bir süri, bir çopan bolar.


Çopan goýunlaryny agyldan alyp çykandan soň, olaryň öňünden ýöreýändir, onuň sesini tanaýan goýunlar bolsa, onuň yzyna düşýändirler.


Gapy Mendirin. Kim şu gapydan girse, halas bolar. Ol girip-çykyp, özüne otlag tapar.


Atamyň Maňa beren adamlarynyň bary Maňa geler, Men ýanyma gelenleri asla kowmaryn.


Pygamberleriň ýazgylarynda: „Olaryň hemmesi Hudaýdan taglym alarlar“ diýip ýazylan. Atadan eşidip, Ondan taglym alan her kes Maňa geler.


Hudaý ezelden saýlap-seçenlerini çagyrdy, çagyranlaryny aklady, aklanlaryny şan-şöhrata besledi.


sebäbi maňa köp adamlaryň garşy çykýandygyna garamazdan, bu ýerde uly we netijeli işler üçin uly mümkinçilikler döredi.


Eý, meniň sadyk ýoldaşym, saňa-da ýalbarýaryn: bu aýallara kömek et. Olar men, Klement we ýaşaýyş kitabyna atlary ýazylan beýleki işdeşlerim bilen birlikde Hoş Habary ýaýratmakda tutanýerli işlediler.


Biziň üçin hem dileg ediň: Hudaýyň sözüni ýaýradyp, Mesih baradaky syry aýan eder ýaly, Onuň Özi bize gapy açyp bersin. Ine, şonuň üçinem men tussaglykdadyryn.


Emma her niçik bolsa-da, Hudaýyň tutan binýady berk durandyr. Bu binýat «Reb Özüniňkileri tanaýandyr», «Rebbiň adyny ykrar edýän her kes ýamanlykdan uzakda dursun» diýen sözler bilen möhürlenendir.


Şonda bu habaryň pygamberler üçin däl-de, siziň üçindigi aýan boldy. Häzirki wagtda bolsa gökden berlen Hoş Habar size Mukaddes Ruhuň gudraty bilen wagyz edilýär. Bu zatlara hatda perişdeler-de düşünmäge çalyşdylar.


Biz bolsa Hudaýa degişlidiris. Kim Hudaýy tanaýan bolsa, bize gulak asar. Kim Hudaýdan bolmasa, bize gulak asmaz. Hakyky Ruh bilen ýalan ruhy, ine, biz şeýdip saýgarýarys.


Seni basymrak görüp, ýüzbe-ýüz gürleşeris diýen umydym bar.


Atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylmadyklaryň ählisi ýanyp duran köle zyňyldy.


Ine, men işikde duryn, gapyny kakýaryn. Sesimi eşidip, gapyny açanyň öýüne girerin. Men onuň bilen, ol hem Meniň bilen bir saçak başynda tagam iýer.


Çünki tagtyň ortasynda duran Guzy olary bakar, olary ýaşaýyş suwunyň gözbaşlaryna äkider. Hudaý olaryň gözýaşlarynyň her damjasyny süpürer».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ