Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ёханна 10:1 - Mukaddes Kitap

1 Isa ýene-de söze başlady: «Men size dogrusyny aýdýaryn, goýun agylyna gapysyndan girmän, başga ýerinden aşyp girýän adam ogrudyr hem garakçydyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Иса ене-де сөзе башлады: «Мен сизе догрусыны айдярын, гоюн агылына гапысындан гирмән, башга еринден ашып гирйән адам огрудыр хем гаракчыдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ёханна 10:1
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonuň üçin hem bu pygamberler barada Reb şeýle diýýär: «Men ýollamasam hem Meniň adymdan pygamberlik edip, „Bu ýurda gylyç we açlyk gelmez“ diýýärler. Emma bu pygamberleriň özleri gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar.


Bu pygamberleri Men ýollamadym, olaryň özleri ylgadylar. Olar bilen gepleşmedim, özlerinden pygamberlik etdiler.


Reb şeýle diýýär: „Men ýalan düýşler bilen pygamberlik edýänlere garşydyryn. Olar bu düýşleri aýdyp, ýalan sözleri we boş öwünmeleri bilen Meniň halkymy azdyrýarlar. Olary Men ýollamadym, olara Men tabşyryk bermedim. Olaryň bu halka asla peýdasy ýok“. Muny Reb aýdýandyr.


Olar şähere tarap okdurylýarlar, diwarlaryň ýüzünden ylgaýarlar, dyrmaşyp, jaýlara aralaşýarlar, ogry kimin penjirelerden girýärler.


Galp pygamberlerden ägä boluň! Olar siziň ýanyňyza goýun derisine girip gelerler, emma özleri welin ýyrtyjy möjeklerdir.


Isa ýene-de olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, goýunlar üçin gapy Mendirin.


Isa oňa: «Hakykatdan hem, gaýtadan dogulmadyk adam Hudaýyň Şalygyny görüp bilmez» diýip jogap berdi.


Eger wagyzçylar iberilmese, nädip wagyz edilsin? Wagyzçylar barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Hoş Habary yglan edýäniň gelşi ne gözeldir!».


Çünki olar Rebbimiz Isa Mesihe däl-de, öz gara garynlaryna hyzmat edýändirler. Olar süýji sözler we ýaranjaňlyk bilen gepläp, sada adamlary aldawa salýandyrlar.


Olaryň agzyny baglamak gerek. Çünki olar ýygnaklarda öwretmesiz zatlary öwredip, maşgalalary bütinleý dargadýarlar. Iň erbedi-de, olar bulary pul gazanmak üçin öwredýärler.


Hiç kim baş ruhany bolmak hormatyny özi gazanyp bilmez, ol Harun ýaly, Hudaý tarapyndan çagyrylýar.


Pygamberler siziň üçin taýynlanan bu halas bolmaklyga doly düşünmäge çalyşdylar we bu merhemet dogrusynda öň pygamberlik etdiler.


Öňler halk arasynda galp pygamberleriň bolşy ýaly, siziň araňyzda-da galp mugallymlar peýda bolar. Olar heläkleýji we ýalan taglymatlar getirmek bilen, özlerini ýesirlikden boşadan Rebbi-de inkär ederler. Şeýdip, öz başlaryndan duýdansyz bela-beter indererler.


Açgözlükden ýaňa bu galp mugallymlar öz toslama hekaýatlary bilen siziň puluňyzy üterler. Şonuň üçin olaryň jezasy gadymdan taýýar durandyr, heläkçiligi bolsa gijikmez.


Mähribanlarym, özünde Hudaýyň Ruhunyň bardygyny aýdýan her bir adama ynanyp ýörmäň. Olaryň Hudaýdandygyny ýa-da däldigini bilmek üçin synagdan geçiriň. Sebäbi dünýäde ençeme galp pygamberler peýda boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ