Körleri bilmeýän ýollaryndan äkiderin, iderin tanyş bolmadyk ýodalaryndan, öňlerinde garaňkylygy ýagtylyga, çarkandakly ýerleri tekiz ýere öwrerin. Mendirin bulary etjek, olary terk etmerin.
Isa olara: «Nur siziň araňyzda ýene az wagt bolar. Nur barka, nurda geziň, şonda üstüňizi tümlük basmaz. Çünki tümlükde gezýän özüniň nirä barýanyny bilýän däldir.
Olar hem Mesihiň görgi görmelidigini, ilkinji bolup ölümden direlip, Öz halkyna we keseki milletlere Hudaýyň nuruny yglan etmelidigini aýan edipdiler».
Biz size owal-başdan bar bolan Ýaşaýyş Sözi hakda habar berýäris. Gulagymyz bilen eşidip, elimiz bilen tutup, gözümiz bilen görenlerimizi yglan edýäris.
Bu Ýaşaýyş aýan boldy, biz Ony gördük. Atamyz Hudaý bilen bolan bu baky Ýaşaýyş bize äşgär boldy. Indi biz Ol barada şaýatlyk edip, Ony size yglan edýäris.
«Men, Isa Mesih, bu pygamberligi imanlylar ýygnagyna ýetirmek üçin Öz perişdämi size ýolladym. Men Dawudyň kökünden, ýagny onuň neslinden bolan parlak daň ýyldyzydyryn!»