Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ёханна 1:34 - Mukaddes Kitap

34 Men muny gördüm we Onuň Hudaýyň Ogludygyna şaýatlyk edýärin».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

34 Мен муны гөрдүм ве Онуң Худайың Оглудыгына шаятлык эдйәрин».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ёханна 1:34
42 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşa: «Men Rebbiň permanyny yglan edeýin» diýýär. «Sen Meniň oglumsyň, – diýdi Ol maňa – bu gün Ataň boldum Men.


Atam ähli zady Maňa tabşyrdy. Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir. Atany-da Oguldan we Ogluň Ony aýan etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim tanaýan däldir.


Simun Petrus: «Sen diri Hudaýyň Ogly Mesihsiň» diýip jogap berdi.


Ol entek gepläp durka, parlak bir bulut olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.


Emma Isa dymdy. Baş ruhany Oňa: «Saňa diri Hudaýdan kasam edýärin, bize aýt, Hudaýyň Ogly – Mesih Senmi?» diýdi.


Olar: «Hany, Sen ybadathanany ýykyp, üç günde saljakdyň-a. Eger Hudaýyň Ogly bolsaň, haçdan aşak düş-de, Özüňi halas et-dä!» diýýärdiler.


Ol Hudaýa sygynýardy. Eger Hudaý halaýan bolsa, goý, häziriň özünde Ony halas etsin. Hany, Ol: „Men Hudaýyň Ogludyryn“ diýýär-dä» diýişýärdiler.


Isa garawullyk edip duran ýüzbaşy bilen ýanyndaky esgerler ýer titremäni, bolan beýleki zatlary görenlerinde, gorka düşüp: «Hakykatdan-da, bu Hudaýyň Ogly eken!» diýdiler.


Şol wagt gökden: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan köp razydyryn» diýen owaz geldi.


Şol wagt Onuň ýanyna azdyryjy şeýtan gelip: «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, onda şu daşlaryň çörege öwrülmegini buýur» diýdi.


«Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, Özüňi aşak okla. Çünki şeýle ýazylgydyr: „Ol perişdelerine Sen babatda emr eder. Aýagyň daşa büdremez ýaly, olar Seni ellerinde göterer“» diýdi.


Birdenkä olar: «Eý, Hudaýyň Ogly! Seniň biziň bilen näme işiň bar? Bizi wagtyndan öň gynamaga geldiňmi?» diýip gygyryşyp başladylar.


Bu Hudaýyň Ogly Isa Mesih hakdaky Hoş Habaryň başlangyjydyr.


Şol wagt gökden: «Sen Meniň söwer Oglumsyň, Men Senden köp razydyryn» diýen owaz geldi.


Perişde oňa: «Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, Beýik Hudaýyň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak çaga Mukaddes saýylar, Oňa Hudaýyň Ogly diýler.


Mukaddes Ruh kepderi görnüşde Onuň üstüne indi. Gökden: «Sen Meniň söwer Oglumsyň. Men Senden köp razydyryn» diýen owaz geldi.


Hudaýy hiç kim asla gören däldir. Bize Ony Atasynyň gujagyndaky, Özi-de Hudaý bolan ýeke-täk Ogly tanatdy.


Natanaýel Oňa: «Mugallym, Sen Hudaýyň Oglusyň! Sen Ysraýylyň Patyşasysyň!» diýdi.


onda näme Meni Hudaýyň Ogly diýenim üçin küpür geplän hasaplaýarsyňyz? Meni bolsa Atam Özi üçin saýlap-seçip, dünýä iberdi.


Ol Isa: «Hawa, Agam. Men Seniň şu dünýä gelmeli Hudaýyň Ogly Mesihdigiňe ynanýaryn» diýdi.


Ýahudylaryň baştutanlary: «Biziň bir kanunymyz bar, şol kanun boýunça Ol ölmeli, sebäbi Ol Özüni Hudaýyň Ogly diýip atlandyrýar» diýdiler.


Tomas Oňa: «Sen meniň Rebbimsiň! Meniň Hudaýymsyň!» diýdi.


Ýöne bular siziň Isanyň Hudaýyň Ogly Mesihdigine iman etmegiňiz üçin we iman edip, Onuň ady bilen ýaşaýşa gowuşmagyňyz üçin ýazyldy.


Biz Seniň Hudaýyň Mukaddesidigiňe ynanýarys we muny anyk bilýäris» diýip jogap berdi.


Hudaý Rebbimiz Isa Mesihi ölümden direldip, Ony Mukaddes Ruhdan doldurdy. Şeýdip, Onuň Hudaýyň gudratly Ogludygy tassyklandy.


Men, Silwan we Timoteos dagy araňyzda Hudaýyň Ogly Isa Mesih barada wagyz etdik. Biziň wagyz eden Isa Mesihimiz hem «hawa», hem «ýok» diýen däldir. Hudaý Isa Mesih arkaly «hawa» diýýändir.


Onuň ene-atasynyň kimdigi belli däl, nesil daragty-da ýok. Ömrüniň ne başy, ne-de ahyry bar. Ol Hudaýyň Ogly ýaly hemişelik ruhany bolup galar.


Ogly inkär edýän adamda Ata ýokdur. Emma Ogly ykrar edýän adamda welin Ata bardyr.


Günä edýän adam iblise degişlidir, sebäbi iblis başlangyçdan bäri günä edip gelýändir. Emma Hudaýyň Ogly iblisiň işlerini ýok etmek üçin geldi.


Bize Hudaýyň söýgüsi, ine, şundan aýan boldy: Hudaý bize ýaşaýyş bermek üçin, Özüniň ýeke-täk Ogluny dünýä iberip, Öz söýgüsini aýan etdi.


Biz ýene şuny bilýäris: hak Hudaýy tanap bilmegimiz üçin, Hudaýyň Ogly gelip, bize akyl-paýhas berdi. Biz hak Hudaý we Onuň Ogly Isa Mesih bilen ýaşaýarys. Isa Mesih hak Hudaýdyr we baky ýaşaýyşdyr.


Ýoluny urduryp, Mesih hakdaky taglymatdan daşlaşan adamda Hudaý ýokdur. Emma bu taglymat boýunça ýaşaýan adamda Ata-da, Ogul-da bardyr.


«Tiýatiradaky ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Gözleri alawlaýan ot ýaly, aýaklary mis ýaly ýalpyldaýan Hudaýyň Ogly şeýle diýýär:


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ