Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Efesliler 5:20 - Mukaddes Kitap

20 Ähli zat üçin Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan Ata Hudaýa hemişe şükür ediň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Әхли зат үчин Реббимиз Иса Месихиң адындан Ата Худая хемише шүкүр эдиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Efesliler 5:20
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol: «Ýalaňaç indim bu dünýä, ýalaňaç-da dolanaryn o dünýä. Beren-de Rebdir, alan-da Rebdir. Goý, Rebbiň adyna alkyş bolsun!» diýdi.


Ýa Reb, meniň bilen dawalaşýanlar bilen Sen dawalaş; meniň bilen söweşýänler bilen Sen söweş;


Rebbiň eden ähli işlerine görä Onuň ýagşylygyny, alkyşlaryny, rehimlerine görä, Ysraýyl nesline görkezen beýik merhemetini, uly ýagşylygyny agzaýyn.


Siz Meni däl-de, Men sizi saýladym. Men siziň gidip, hiç solmaýan miwe bermegiňiz üçin saýlap-seçdim. Şoňa görä Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer.


Resullar Isanyň ady ugrunda masgara bolmaga mynasyp görlendikleri üçin ýokary mejlisden şadyýan çykyp gitdiler.


Ilki bilen, Isa Mesih arkaly ähliňiz üçin Hudaýyma şükürler edýärin, sebäbi imanyňyz baradaky habar bütin dünýä ýaýrady.


Hudaý Isa Mesih arkaly size merhemet eçildi. Men munuň üçin hemişe Hudaýyma şükürler edýärin.


Isa Mesih ähli agalyklary, ygtyýarlyklary we güýçleri ýok edip, Şalygy Ata Hudaýa tabşyranda bolsa dünýäniň soňy bolar.


Şeýle hem araňyzda biedeplik, ýaňralyk, biderek degişme-de bolmasyn. Bular size ýaraşmaýar. Muňa derek Hudaýa şükür ediň.


Men her gezek siz barada oýlananymda, Hudaýyma şükür edýärin.


Hiç zady gaýgy etmäň. Gaýtam, Hudaýa şükür edip, her bir ýagdaýdaky ähli mätäçlikleriňizi Oňa doga-dileglerde aýdyň.


Näme etseňiz hem, aýtsaňyz hem, hemmesini Rebbimiz Isanyň ady bilen ýerine ýetiriň, Ol arkaly Ata Hudaýa şükür ediň.


Biz Hudaýymyzyň öňünde siz sebäpli örän şatlandyk. Siziň üçin Hudaýa näçe şükürler aýtsagam azdyr!


Her ýagdaýa şükür ediň. Hawa, Isa Mesihe degişli bolan siz babatda Hudaýyň islegi şulardyr.


Eý, doganlar! Siziň imanyňyz gitdigisaýy ösýär, biri-biriňize bolan söýgiňiz dolup-daşýar. Şoňa görä-de, biz elmydama Hudaýa şükürler etmelidiris. Bu örän ýerliklidir.


Eý, Reb tarapdan söýülýän doganlar! Siz halas bolup bileriňiz ýaly, Hudaý sizi ilkinjiler hökmünde saýlady. Siz Mukaddes Ruh arkaly päklenip, hakykata bolan imanyňyz arkaly halas bolduňyz. Şoňa görä-de, biz elmydama Hudaýa şükürler etmelidiris.


Şonuň üçin hem Isa arkaly Hudaýa gurbanlyk hökmünde hemişe öwgi bagyş edeliň. Onuň adyna alkyş aýdalyň!


Şonuň üçin siz hem diri daşlar ýaly ruhy bina bolup gurluň. Şonda Isa Mesih arkaly Hudaýyň halaýan ruhy gurbanlyklaryny hödürleýän mukaddes ruhanylar bolarsyňyz.


Kim geplese, Hudaýyň sözleri bilen geplesin. Kim hyzmat etse, Hudaýyň beren güýç-kuwwatyna görä hyzmat etsin. Isa Mesih arkaly Hudaý ähli zatda şöhratlansyn! Şöhrat we gudrat ebedilik Onuňky bolsun! Omyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ