Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Efesliler 4:31 - Mukaddes Kitap

31 Her hili öýke-kine, gahar-gazap, paýyş sözler aýtmak we töhmet atmak ýaly ýigrenji häsiýetler sizden daş bolsun.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 Хер хили өйке-кине, гахар-газап, пайыш сөзлер айтмак ве төхмет атмак ялы йигренҗи хәсиетлер сизден даш болсун.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Efesliler 4:31
62 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Kakasyndan alan patasy üçin Ysaw Ýakuby ýigrenýärdi. Ol öz ýanyndan: «Kakamyň ölüm pursady golaýlap gelýär. Kakamyň ýas günleri geçenden soň, men Ýakuby öldürerin» diýip oýlanýardy.


Muny Ruben eşidip: «Ýok, ony öldürmäliň» diýip, Ýusuby halas etmäge çalyşdy.


Ýusubyň doganlary öz kakalarynyň Ýusuby özlerinden has ileri tutýandygyny gördüler. Şoňa görä-de, olar Ýusuby ýigrenerdiler we onuň bilen sözleri alyşmazdy.


Kabyl öz dogany Habyla: «Ýör, çeträge çykaly» diýdi. Meýdanda Kabyl Habyla topulyp, ony öldürdi.


Uýasynyň namysyna degendigi üçin, Abşalom Amnony ýigrenýärdi. Ýöne ol Amnona ýagşydan-ýamandan hiç zat diýenokdy.


Emma ol siz şa hezretleriniň ýanynda men guluňyza töhmet atdy. Emma şa hezretleri meniň üçin Hudaýyň perişdesi ýalydyr. Indi näme ederin diýseňiz, ine, men.


Emma ysraýyllar ýahudalara: «Dawut patyşada paýymyz siziňkiden köpdür, on paýymyz bar. Şonda-da näme üçin bizi äsgermezlik etdiňiz? Patyşany yzyna getirmekde ilkinji söz biziňki bolmaly dälmi näme?» diýip jogap berdiler. Emma ýahudalaryň sözi ysraýyllaryňkydan gazaply bolup çykdy.


Ýüregim ýaraly, ot dek gurady, mende çörek iýmäge ysgyn galmady.


Ýurtdaky mukaddes halka – şu abraýly adamlara ymtylýar kalbym.


Çünki ysytmadan doludyr bilim, bedenimiň abat ýeri galmady.


Siona Öz keremiň bilen Sen ýagşylyk et, we Iýerusalimiň diwarlaryny Sen dikelt.


Sensiň doga-dilegleri eşidýän, ähli ynsanlar Saňa gelerler.


Ýigrenç gahar-gazaby oýarýar, söýgi bolsa bar ýazygy bagyşlaýar.


Ýigrenji ýaşyrýan kişi – ýalançy, gybat ýaýradýan bolsa akmakdyr.


Gaharjaň adam akmaklyk edýändir, mekir adam hem ýigrenilýändir.


Gybatkeşiň sözleri datly lukma ýalydyr, olar garnyňa siňýär.


Patyşanyň gazaby arslan nagrasy kimindir, onuň razylygy bolsa otlaryň üstüniň çygy ýalydyr.


Demirgazyk ýeli ýagyş getirýändir, gybatkeş dil ýüzleri gaharly edýändir.


Odun gutaranda, ot sönýändir, şugulçynyň ýok ýerinde dawa tükenýändir.


Gaharjaň adam jenjel turuzýandyr, gazaply adam ýazyk etdirýändir.


Akylly adam akmak bilen kazyýetde dawalaşanda, akmak gyzanda-da, gülende-de rahatlyk bermez.


ýalan ýagdyrýan galp şaýady, doganlar arasynda dawa döredýän adamy.


Tizgahar bolma, çünki gahar akylsyzlaryň gursagynda ornaşýar.


Olaryň bary tekepbir pitneçidirler, gybatdyr töhmet bilen ýaşaýarlar. Ýüregi bürünç, demir deý gatap, hemmesi ýoldan çykandyr.


Her kes öz dostundan ägä bolsun, hiç bir dogana ynam etmäň. Çünki her bir dogan ýalançydyr, her bir dost ýalan gep gezdirýär.


Bütin şäher aýaga galdy, hemme tarapdan ylgaşyp gelen halk birleşdi-de, Pawlusy tutup, ybadathanadan daşary süýredi. Şobada hem ybadathananyň gapylary ýapyldy.


Eý, doganlar, çagalar ýaly pikir ýöretmegiňizi bes ediň. Ýamanlyk babatda çaga ýaly boluň, ýöne akyl babatda kämil ýaşly boluň.


Şoňa görä, baýramy köne hamyrmaýa: gahar-gazap we pislik bilen bellemäliň. Tersine, ony petir hamyry: päk ýüreklilik we hakykat bilen belläliň.


Men ýanyňyza baranymda, biri-birimiz babatdaky tamamyz puç çykaýarmyka diýip gorkýaryn. Baranymda dawa-jenjel, göriplik, gahar-gazap, agzalalyklar, töhmet, gybat, tekepbirlik we tertipsizlik görermikäm diýip gorkýaryn.


butparazlyk we doga-jadygöýlikdir; ýigrenç, agzalalyk, göriplik, gahar, bäsdeşlik, jedel, bölünişik


Öň öwredilişi ýaly, öňki durmuşyňyzy, ýalançy höwesler bilen ýoldan çykaran köne ýaradylyşyňyzy çykaryp taşlaň.


Indi ýalan sözlemäň-de, her biriňiz öz ýakynyňyza hakykaty aýdyň. Çünki biziň hemmämiz bir bedeniň agzalarydyrys.


Gaharlanyp günä etmäň. Gaharyňyzyň üstüne Gün ýaşmasyn.


Eý, ärler, aýalyňyzy söýüň, olara ýowuz daramaň.


Indi bolsa gahar-gazaby, ýamanlyklaryň hemmesini özüňizden aýryp taşlaň. Agzyňyzdan hiç bir töhmet we paýyş sözler çykmasyn.


Şonuň ýaly, ýygnagyň hyzmatçy aýallary hem hormatlanýan, gybat etmeýän, tersine, özlerine erk edýän we her zatda ynamdar bolmalydyr.


şeraba höwesjeň däl, zalym däl-de, mylaýym, dawa-jenjelden gaça durýan, pula gyzmaýan adam bolmalydyr.


Mundan başga-da, olar öýden-öýe aýlanyp, bikär gezmäge endik ederler. Bikärlikleri bilen hem çäklenmän, gelşiksiz gepleri agza alyp, başgalaryň işine gatyşýan gybatkeşler bolarlar.


Boş we samsyk jedellerden gaça dur. Sebäbi dawalaryň şolardan döreýändigini özüň bilýänsiň.


doňýürek, geçirimlilik etmeýän, myjabatçy, özüne erk edip bilmeýän, zalym, ýagşylygy ýigrenýän,


Ýygnagyň ýolbaşçysy Hudaýa hyzmat edýär. Şoňa görä-de, ol müýnsüz bolmalydyr. Ol özdiýenli, gyzma, şeraba meýilli, uruşgan bolmaly däl, gara nebsine çapman,


Şonuň ýaly, garry aýallar hem gybata, şeraba ýykgyn etmän, tersine, Hudaýyň halkyna gelişýän tärde ýaşap, hemmelere ýagşy zatlary öwretmeklerini ünde.


Eý, söýgüli doganlarym, muňa üns beriň: her bir adam eşitmekde çalt, geplemekde assa, gaharlanmakda haýal bolsun.


Emma kalbyňyzda bahyllyk we men-menlik bar bolsa, onda danalyk bilen öwünmäň. Bu aňrybaş ýalançylyk bolar!


Eý, doganlar, biri-biriňizi ýamanlamaň. Kim doganyny ýamanlaýan ýa-da ony ýazgarýan bolsa, ol Hudaýyň kanunyny ýamanlap, ony ýazgarýandyr. Kanuny ýazgarýan adam bolsa ony berjaý ediji däl-de, oňa kazylyk edijidir.


Şonuň üçin hem her hili ýaman niýeti, hilegärligi, ikiýüzlüligi, bahyllygy, gybat-gürrüňleri özüňizden aýryp taşlaň.


Şeýtana degişli bolup, öz doganyny öldüren Kabyl ýaly bolmalyň. Kabyl ony näme üçin öldürdi? Sebäbi öz eden işleri pislikdi, doganynyňky bolsa dogrudy.


Doganyny ýigrenýän adam ganhordyr. Hiç bir ganhoryň bolsa baky ýaşaýşa gowuşmaýandygyny bilýänsiňiz.


Mundan soň gökden bir batly ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Ine, Hudaýymyzyň halas etjek pursady geldi! Onuň gudraty we şalygy amala aşdy. Onuň Saýlanynyň hökmürowanlygy berkarar boldy. Hudaýymyzyň huzurynda doganlarymyzy gije-gündiz aýyplaýan, olara töhmet atýan şeýtan aşak zyňyldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ