Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Efesliler 4:28 - Mukaddes Kitap

28 Ogurlyk eden indi ogurlyk etmesin! Gaýtam, öz elleri bilen zähmet çekip, mätäje paýlamaga zady bolar ýaly, peýdaly iş etsin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Огурлык эден инди огурлык этмесин! Гайтам, өз эллери билен зәхмет чекип, мәтәҗе пайламага зады болар ялы, пейдалы иш этсин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Efesliler 4:28
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Görmeýänimi maňa öwret, etmiş eden bolsam, indi gaýtalaman“ diýeniňiz barmy?


Başga adamyň öýüne, aýalyna, gul-gyrnagyna ýa-da öküzine, eşegine oňa degişli zatlaryň hiç birine göz dikme».


Kim adam ogurlap satsa ýa-da ogurlanan adam onuň öýünden tapylsa, ol ölüme höküm edilsin.


Duýdansyz gelen baýlyk barha azalar, el bilen çöpleýän köp gazanar.


Her bir zähmetden haýyr geler, boş gep diňe mätäçlik getirer.


Ol uzak gün açgözlük bilen isleýär, dogruçyl bolsa ölçemän berýär we gysganmaýar.


Ýazyklaryny ýaşyran üstünlik gazanmaz, olary boýun alyp terk etse, merhemet tapar.


Siz ogurlyk edýärsiňiz, adam öldürýärsiňiz, zyna edýärsiňiz, ýalandan ant içýärsiňiz, Bagal butuna sadaka hödür edýärsiňiz, tanamaýan başga hudaýlaryňyzyň yzyna eýerýärsiňiz.


Gargyş we ýalançylyk, ganhorlyk, ogurlyk we zyna. Jenaýatçylyk artýar we gan üstüne gan dökülýär.


Ol maňa şeýle diýdi: «Bu bütin dünýä siňýän näletdir. Bu kagyzyň bir tarapynda ýazylyşy ýaly, ogurlyk eden sogrulyp taşlanjakdyr, beýleki tarapynda ýazylyşy ýaly bolsa, ýalandan ant içen kowlup çykaryljakdyr.


Zakkaý bolsa ýerinden turup, Reb Isa: «Eý, Agam! Indi men baýlygymyň ýarysyny garyplara berjek. Kimiň zadyny nähak alan bolsam, dört esse edip gaýtaryp berjekdirin» diýdi.


Mundan beýläk eden tobaňyza mynasyp miwe beriň. Öz-özüňize: „Biziň atamyz Ybraýymdyr“ diýip aýtmagy hyýalyňyza hem getirmäň. Men size şuny aýdaýyn: Hudaý Ybraýym üçin şu daşlardan hem perzent ýaradyp bilýändir.


Ol muny garyplaryň gamyny iýmek üçin däl-de, özüniň ogrudygy üçin aýdýardy. Sebäbi ol ortak pul torbasyny göteren bolup, näme berilse, özi alyp ýördi.


Pul torba Ýudasda bolansoň, käbirleri Isa oňa: «Baýram üçin bize gerek zatlary satyn al» ýa-da «Garyplara biraz pul paýla» diýýändir öýtdüler.


Imandaky doganlaryňyz mätäçlik çekse, olara kömek beriň, myhmansöýer boluň.


Biz gara der döküp, zähmet çekýäris. Bize garganlarynda, olara ýagşylyk dileýäris. Bizi yzarlanlarynda, muňa çydaýarys.


Çünki hemaýat bermek höwesi bar bolsa, Hudaý ynsanyň ýok zadyna görä däl-de, elinde bar bolanyna görä kabul edýändir.


Olar agyr muşakgatlarda synalsa-da, joşgunly şatlykdan dolup-daşýarlar. Garyplygy çenden agyr bolsa-da, sahylyga baýdyrlar.


Şoňa görä-de, heniz wagtymyz barka, hemmelere, aýratyn-da imandaky doganlarymyza ýagşylyk edeliň.


Olara ýagşylyk etmegi, ýagşy işler, sahylyk we jomartlyk hazynasyny toplamagy buýur.


Biziňkiler hem miwesiz ömür sürmez ýaly, mätäçlere ýardam bermek arkaly ýagşylyk etmegi adat edinsinler.


Bu sözleriň bary hakykatdyr. Hudaýa iman edenleriň ýagşylyk etmekde ilerlemekleri üçin, bu zatlary nygtamagyňy isleýärin. Bu zatlar ynsanlar üçin oňat we peýdalydyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ