Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Efesliler 2:1 - Mukaddes Kitap

1 Owal siz ýazyklaryňyz we günäleriňiz sebäpli ölüdiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Овал сиз языкларыңыз ве гүнәлериңиз себәпли өлүдиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Efesliler 2:1
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb ýakymly ysy alyp, Öz ýanyndan şeýle diýdi: «Mundan beýläk ýer hiç haçan ynsan zerarly näletlenmez, çünki onuň kalbyndaky päli-niýeti ýaşlygyndan bäri pisdir. Men indi hiç haçan bütin janly-jandarlary şu edişim ýaly heläklemerin.


Emma Isa oňa: «Meniň yzyma düş, goý, ölülerini ölüleriň özleri jaýlabersinler» diýdi.


Sebäbi bu oglum ölüdi, indi direldi; ol ýitipdi, indi tapyldy“ diýýär. Şeýdip, olar toý etmäge başlaýarlar.


Bu gün bolsa toý edip, şatlanmak gerek, sebäbi seniň iniň ölüdi, indi direldi; ol ýitipdi, indi tapyldy“ diýip jogap berýär».


Ogry diňe ogurlamak, öldürmek, ýok etmek üçin gelýändir. Emma Men olara ýaşaýyş, bolelin ýaşaýyş bermek üçin geldim.


Isa oňa: «Ýol, hakykat we ýaşaýyş Mendirin, Mensiz hiç kim Atanyň ýanyna baryp bilmez.


Atanyň ölüleri direldişi ýaly, Ogul-da islän adamyny direlder.


Men size dogrusyny aýdýaryn, Hudaýyň Oglunyň sesini ölüleriň-de eşitjek wagty geler, bu wagt eýýäm geldi. Onuň sesini eşidenler ýaşar.


Sebäbi ýaşaýyş berýän Mukaddes Ruh meni Isa Mesih arkaly günäniň we ölümiň ygtyýaryndan azat etdi.


Çünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Ilkinji adam – Adam ata janly barlyk boldy». Soňky Adam bolsa ýaşaýyş berýän Ruh boldy.


Eger bir Adam hemmeler üçin ölen bolsa, onda hemmämiz ölendiris. Şeýle pikire gelelimiz bäri Isa Mesihiň söýgüsi bizi hereket etmäge höweslendirýär.


Olaryň aň-düşünjesini garaňkylyk gaplady. Nadan we doňýürek bolandyklary üçin, olar Hudaýyň beren durmuşyndan mahrum boldular.


Çünki nur ähli zady äşgär edýändir. Şonuň üçin şeýle diýilýär: «Oýan, eý, uka giden! Ölümden direl! Mesih saňa nur saçar».


Owal siz sünnetsiz bolan öňki tebigatyňyzda günäleriňiz zerarly ölüdiňiz. Indi bolsa Hudaý ähli günäleriňizi bagyşlap, sizi Mesih bilen bile direltdi.


Emma aýşy-eşret çekýän dul aýalyň özi diri bolsa-da, ruhy ölüdir.


Biz özümiziň ölümden ýaşaýşa gowşandygymyzy bilýäris, sebäbi doganlarymyzy söýýäris. Doganyny söýmeýän adam ölümiň penjesinde galýandyr.


«Sardisdäki ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Hudaýa hyzmat edýän ýedi Ruhy Dolandyrýan, elinde ýedi ýyldyzy Saklaýan şeýle diýýär: „Men seniň ähli edenleriňi bilýärin. Sen diri hasaplansaň-da, ölüsiň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ