Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 9:9 - Mukaddes Kitap

9 Rehimdarlyk we geçirimlilik Taňry Hudaýymyza mahsusdyr, çünki biz Onuň garşysyna baş galdyrdyk.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Рехимдарлык ве гечиримлилик Таңры Худайымыза махсусдыр, чүнки биз Онуң гаршысына баш галдырдык.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 9:9
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut Gada: «Men erbet ýagdaýa düşdüm. Gowusy, Rebbiň eline düşeýin, ynsan eline düşmäýin. Rebbiň rehimdarlygy beýikdir» diýdi.


Öz ysraýyl halkyň we men guluň şu ýere tarap bakyp dileg edenimizde, guluňyň, halkyň Ysraýylyň ýalbaryşlaryny eşit. Öz gökdäki mesgeniňden eşit-de, bizi bagyşla.


Emma Öz tükenmez rehimdarlygyň bilen olary bütinleý ýok etmediň ýa-da terk etmediň. Çünki Sen merhemetli, rehimdar Hudaýsyň.


Şa bolsa Hudaýyň edenlerine şat bolar; Oňa wada berýänleriň bary heşelle kakar, çünki ýalançylaryň agzy baglanar.


Sion babatda şeýle aýdylar: «Bu adam hem, ol adam hem şu ýerde doglan». Beýik Hudaýyň hut Özi ony berkarar eder.


Pisler öz ýollaryndan, erbetler öz pikirlerinden dänip, Rebbe dolanyp barsynlar, Reb olara rehim eder; Hudaýymyza dolansynlar, Ol gaty geçirimlidir.


Rebbiň eden ähli işlerine görä Onuň ýagşylygyny, alkyşlaryny, rehimlerine görä, Ysraýyl nesline görkezen beýik merhemetini, uly ýagşylygyny agzaýyn.


Etmişlerimiz bize garşy şaýatlyk etse-de, Öz adyňyň hatyrasyna bir zat edäý, ýa Reb! Biziň dönükligimiz çökderdir juda, çünki biz Saňa garşy etdik günä.


Ýöne ysraýyl halky çölde Meniň garşyma gozgalaň turuzdy. Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý eden adam aman galsa-da, olar kanunlarymy ýerine ýetirmediler. Hökümlerimi ret etdiler, mukaddes Sabat günümiň kanunlaryny bütinleý harladylar. Onsoň Men çölde gahar-gazabymy başlaryndan inderip, olary ýok etjekdigimi aýtdym.


Seniň buýruklaryňdan we hökümleriňden ýüz öwrüp, günä gazandyk, azgynlyk etdik, erbetlik edip, Seniň garşyňa baş galdyrdyk.


Biz patyşalarymyza, han-beglerimize, ata-babalarymyza we ýurduň ähli halkyna Seniň adyňdan geplän gullaryň pygamberlere gulak asmadyk.


Ýa Reb, Sende adalat bar, emma biz bu günki gün hem ýüzügaradyrys! Bu ýahuda halkyna, Iýerusalimiň ilatyna, Saňa garşy eden dönükligi sebäpli ähli ýurtlara dargadan halkyňa, ýakynu-uzakda bolan bütin ysraýyllara degişlidir.


Ýa Reb, patyşalarymyzyň, han-beglerimiziň, ata-babalarymyzyň ýüzüni utanç gaplandyr, sebäbi biz Saňa garşy günä etdik.


Ol Rebbe şeýle doga okady: «Ýa Reb, şeýle boljagyny men öz ýurdumdakam aýtmanmydym näme? Men şol sebäpden hem dessine Tarşyşa gaçdym-a. Seniň merhemetli, rehimli, giň göwünli, sadyk söýgä baý Hudaýdygyňy we jeza bermekden el çekmäge taýyndygyňy bilýärdim ahyryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ