Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 9:7 - Mukaddes Kitap

7 Ýa Reb, Sende adalat bar, emma biz bu günki gün hem ýüzügaradyrys! Bu ýahuda halkyna, Iýerusalimiň ilatyna, Saňa garşy eden dönükligi sebäpli ähli ýurtlara dargadan halkyňa, ýakynu-uzakda bolan bütin ysraýyllara degişlidir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Я Реб, Сенде адалат бар, эмма биз бу гүнки гүн хем йүзүгарадырыс! Бу яхуда халкына, Иерусалимиң илатына, Саңа гаршы эден дөнүклиги себәпли әхли юртлара даргадан халкыңа, якыну-узакда болан бүтин ысрайыллара дегишлидир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 9:7
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Pis işlerimiz we uly ýazygymyz zerarly başymyza inen bu bela-beterlerden soň, eý, Hudaýymyz, Sen bize günälerimize laýyk jeza bermän, gaýtam bizi aman galdyrdyň.


Ýa Reb, eý, Ysraýyl Hudaýy, Sen adylsyň! Bu gün biziň, aman galan halkyň günäsi zerarly Seniň öňüňde durup biljegimiz ýokdur, emma şonda-da biz Seniň huzuryňda durus».


Başymyzdan inen ähli jezalarda Sen adalatly bolduň. Çünki Sen wepaly bolsaň-da, biz erbetlik etdik.


Ol al-elwan lybasda şa ýanyna eltiler, onuň kenizleri, ulugyzlar şa gaşyna eltiler.


Seniň diliň düzýär weýrançylyklary, ol ýiti päki kimin işläp düzýär hiläni.


Şol gün Aşurdan, Müsürden, Patrosdan, Efiopiýadan, Eýlamdan, Şingardan, Hamatdan we adalarda aman galan halkyny yzyna getirmek üçin, Taňry ikinji gezek elini uzadar.


Ähli but ýasaýanlar utandyrylar, ryswa ediler; ählisi bile ryswa bolar olaryň.


Ýa Reb, Seniň bilen dawalaşsam, Sen hemişe hakly çykýarsyň. Emma ýene-de adalat barada Seniň bilen gürleşmek isleýärin. Näme üçin erbetleň ýoly rowaçlanýar? Näme üçin haýynlar asuda ýaşaýar?


Onuň döwründe Ýahuda halas bolar, Ysraýyl howpsuz ýaşar. Ony: ‘Reb – biziň Hakperwerimizdir!’ diýip atlandyrarlar.


Men olary ýer ýüzüniň ähli patyşalyklary üçin howpa we ýamanlyga öwrerin. Sürgün eden her bir ýerimde bolsa, olar masgara, gep-gürrüň, gülki bolup näletlenerler.


Utanjymyzda ýatalyň, ryswalyk ýorganymyz bolsun; çünki ata-babalarymyz we biz ýaşlygymyzdan tä şu güne çenli Hudaýymyz Rebbe garşy günä edip geldik. Hudaýymyz Rebbe gulak asmadyk.


Şol günlerde Ýahuda halas bolar, Iýerusalim howpsuz ýaşar. Ony: ‘Reb – biziň Hakperwerimizdir!’ diýip atlandyrarlar“.


Olar ekin sakçylary ýaly onuň daş-töweregini gabarlar, çünki Iýerusalim Maňa garşy baş galdyrdy. Muny Reb aýdýandyr.


Olar Meni ynjadýarlarmy? Ýok, özlerini ynjadyp, utanja galýarlar. Muny Men-Reb aýdýandyryn.


Onsoň erbet ýollaryňyzy, pis işleriňizi ýatlap, etmişleriňizden we nejis işleriňizden ýaňa özüňizi ýigrenersiňiz.


Munuň üçin siziň araňyzda ata-eneler çagalaryny, çagalar bolsa ata-enelerini iýerler. Men siziň garşyňyza hökümler çykararyn we sizden diri galanlaryň ählisini ýeliň çar tarapyna dargadaryn».


Uzakdakylar mergiden ölerler; ýakyndakylar gylyçdan heläk bolarlar we galyp-gaçyp aman galanlar bolsa açlykdan ölerler. Men olara bolan gazabymy şeýle tamamlaryn.


Şonuň üçin Reb bu belalaryň amatly pursadyny peýläp, olary biziň başymyzdan inderdi. Çünki Hudaýymyz Reb ähli edýän işlerinde adyldyr. Biz bolsa Onuň sözüne boýun bolmadyk.


Eý, Hudaýym, diňle we eşit! Gözleriňi açyp, biziň weýrançylygymyza we Seniň adyň dakylan şähere seret. Biziň dogruçyldygymyz sebäpli däl-de, eýsem Seniň beýik rehimdarlygyň sebäpli öz nalyşlarymyzy Seniň huzuryňa getirdik.


Ýa Reb, patyşalarymyzyň, han-beglerimiziň, ata-babalarymyzyň ýüzüni utanç gaplandyr, sebäbi biz Saňa garşy günä etdik.


Ine, Men buýruk bererin, ähli milletleriň arasynda ysraýyl halkyny bugdaý elän ýaly edip, elekden geçirerin, şonda ýekeje daş-da elekden geçmez.


Ozal eden işleriňizden, ýagny şindi utanýan işleriňizden näme bähbit gördüňiz? Şeýle işleriň soňy ölümdir.


Ol Gaýadyr, işleri kämildir, bütin ýollary hakdyr. Wadasynda durýan Hudaýdyr. Dogry hem adyldyr.


Reb sizi başga halklaryň arasyna dargadyp goýberer. Rebbiň ýol görkezjek milletleriniň arasynda galjaklaryňyzyň sany gaty az bolar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ