Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 9:6 - Mukaddes Kitap

6 Biz patyşalarymyza, han-beglerimize, ata-babalarymyza we ýurduň ähli halkyna Seniň adyňdan geplän gullaryň pygamberlere gulak asmadyk.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Биз патышаларымыза, хан-беглеримизе, ата-бабаларымыза ве юрдуң әхли халкына Сениң адыңдан геплән гулларың пыгамберлере гулак асмадык.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 9:6
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ysraýyllar Hudaýy Rebbiň sözüne gulak asmandyklary üçin hem-de Onuň ähtinden, Rebbiň guly Musa beren tabşyryklaryndan ýüz öwrendikleri üçin şeýle ýagdaýa düşdüler.


Reb Manaşa we onuň halkyna sözledi, emma olar Rebbe gulak asmadylar.


Ata-babalarymyzyň döwründen tä şu güne çenli biziň ýazygymyz uludyr. Günälerimiz üçin özümiz, patyşalarymyz, ruhanylarymyz edil şu günki ýaly keseki ýerli patyşalaryň eline berildik, gylyçdan geçirildik, ýesirlige düşdük, talaňa, masgaraçylyga sezewar edildik.


Sen ençeme ýyllap, olar bilen sabyrly bolduň. Pygamberleriň arkaly, Öz Ruhuň bilen olara duýdurdyň. Emma şonda-da olar gulak asmadylar. Şonuň üçin hem Sen olary ýurtlaryň halklarynyň eline berdiň.


Eý, ähtini we sadyk söýgüsini saklaýan Hudaýymyz! Beýik, gudratly hem haýbatly Hudaý! Aşur patyşalarynyň döwründen tä şu güne çenli patyşalarymyzyň, baştutanlarymyzyň, ruhanylarymyzyň, pygamberlerimiziň, ata-babalarymyzyň, Seniň halkyň bolan biziň başymyzdan inen jebir-jepalar Seniň gözüňe az görünmesin.


Patyşalarymyz, baştutanlarymyz, ruhanylarymyz we ata-babalarymyz Seniň kanunyňy tutmadylar. Seniň beren tabşyryklaryňa, duýduryşlaryňa gulak asmadylar.


size gaýta-gaýta ýollan gullarym pygamberleriň sözlerini öňki ýaly ýene-de diňlemeseňiz,


Çünki olar Meniň sözlerimi we gaýta-gaýta özlerine ýollan gullarym bolan pygamberleriň sözlerini diňlemediler. Muny Reb aýdýandyr. Eý, sürgündäkiler, siz hem gulak asmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.


«Biz seniň Rebbiň adyndan aýdýan sözleriňe gulak asmarys.


Bu nejis zatlaryň ählisini etdiňiz; muny Reb aýdýandyr. Men size öwran-öwran aýdanymda gulak asmadyňyz, sizi çagyranymda jogap bermediňiz.


Emma olar diňlemediler, gulak asmadylar, gaýtam, kesirlik bilen öz ýaman niýetlerine kowalaşyp, pis ýüreklerine görä hereket etdiler. Ilerlemegiň deregine gaýra tesdiler.


Hudaýymyz Rebbiň sözüne gulak asmadyk, Onuň gullary bolan pygamberler arkaly bize beren kanunlary bilen ýöremedik.


Rehimdarlyk we geçirimlilik Taňry Hudaýymyza mahsusdyr, çünki biz Onuň garşysyna baş galdyrdyk.


Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Towugyň öz jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem seniň çagalaryňy ençeme gezek ýygnajak boldum, emma siz muny islemediňiz.


Iýerusalimiň ilaty we olaryň ýolbaşçylary Isany tanaman, Ony ölüme höküm etdiler. Şeýdip, olar öňki pygamberleriň aýdanlaryny ýerine ýetirdiler. Şeýdip, olar Sabat güni okalýan pygamberleriň sözleri boýunça hereket etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ