Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 9:26 - Mukaddes Kitap

26 Altmyş iki ýediýyllykdan soň seçip-saýlanan heläk bolar we ondan hiç zat galmaz. Geljek hökümdaryň goşuny bu şäheri we mukaddes öýi weýran eder. Onuň soňy tupanly bolar, ahyryna çenli uruş bolar. Weýrançylyk boljagy karar edilendir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Алтмыш ики едийыллыкдан соң сечип-сайланан хеләк болар ве ондан хич зат галмаз. Гелҗек хөкүмдарың гошуны бу шәхери ве мукаддес өйи вейран эдер. Онуң соңы тупанлы болар, ахырына ченли уруш болар. Вейранчылык болҗагы карар эдилендир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 9:26
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar: «Bizi tutuş Ysraýyldan çykarmak islän we dyr-pytrak eden adamyň neslinden bolan ýedi adamy biziň elimize ber. Biz olary Reb tarapyndan saýlanan Şawulyň Gibga galasynda Rebbiň huzurynda öldürip, Günüň astynda serjek» diýdiler. Patyşa olara: «Bolýar, men olary size bereýin» diýdi.


Ine, Rebbiň gudratly, güýçli bir adamy bar; weýran edýän doly tupany kimin, güýçli ýagyş sili kimin, Öz eli bilen şäheri ýere çalar.


Indi masgaralamaňyzy bes ediň, ýogsam zynjyrlaryňyz agralar, bütin ýurduň weýran ediljekdigi barada karara gelendigini Gudratygüýçli–Hökmürowan Rebden eşitdim.


Ol sütem, adalatsyzlyk bilen äkidildi. Onuň nesli hakda kim aýdyp biljek? Ol diriler diýaryndan mahrum edildi, halkymyň ýazygy üçin zarba oňa degdi.


Şonuň üçin Reb Ýewfrat derýasynyň güýçli sil suwlaryny, Aşur patyşasyny we onuň şöhratyny bu halkyň üstüne getirer. Ol onuň ähli jarlaryndan aşyp, bütin kenarlaryna dolar.


Ol nämedir Nil kimin daşyp, suwlar kimin çaýkanýan?


Babyly deňiz basdy; äpet tolkunlar ony büredi.


Demirgazyk patyşasynyň ogullary söweşe taýýarlanyp, juda güýçli goşun toplarlar. Goşun sil kimin süýşüp gelip, basyp alar we öwrülip ýene-de günorta patyşasynyň galasyna hüjüm eder.


Patyşalygynyň ähli güýjüni toplap, duşmanynyň üstüne gelmegi ýüregine düwer. Patyşalygyny heläk etmek üçin, günorta patyşasy bilen ýaraşyk baglaşar, oňa aýal berer. Emma demirgazyk patyşasynyň bu guran hilesi başa barmaz, bu oňa hiç hili peýda getirmez.


Sil kimin gelip basan goşunlar onuň öňünden süpürilip aýrylar, hatda äht hökümdary-da ýeňlişe sezewar bolar.


Bu patyşa öz islänini eder. Ol özüni beýgeldip, her bir hudaýdan özüni ýokary tutar. Hatda hudaýlaryň Hudaýyna garşy küpür geplär. Hudaýyň gazaply döwri tamamlanýança, patyşanyň işi rowaçlanar, çünki kabul edilen karar ýerine ýetmelidir.


Hökümdar köpler bilen bir hepdelik berk äht baglaşar. Ýarym hepdeden soň bolsa gurbanlyk we sadaka bermesini goýar. Edilen karar onuň başyndan inýänçä, bu weýran ediji hökümdar ybadathananyň içinde weýrançylyk getirýän ýigrenji zady diker».


Reb Hoşeýa şeýle diýdi: «Adyna Logammy dak. Çünki siz-ä Meniň halkym däl, Menem siziň Hudaýyňyz däldirin.


Bu işler üçin ýer sarsmajakmy? Ýerde ýaşaýan her kes ýas tutmajakmy? Bütin ýer ýüzi Nil derýasy kimin tolkun atar, Müsürdäki Nil derýasy deý belende galyp pese düşer».


Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb elini ýere degirýär we ýer sarsýar, ýerde ýaşaýan her kes ýas tutýar. Bütin ýer ýüzi Nil kimin tolkun atýar, Müsüriň Nil derýasy deý ýene pese düşýär.


Emma Ol Ninewäni daşgyn sil bilen ýok eder, duşmanlaryny garaňkylyga kowalar.


«Gögüň Şalygy öz ogly üçin gelin toýuny tutan patyşa meňzeýändir.


Şeýlelikde, patyşa gazap donuny geýýär. Ol goşun ýollap, ýaňky ganhorlary derbi-dagyn edýär, şäherlerini otlaýar.


Emma Isa olara: «Bu ähli zatlary görýäňizmi? Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde daş üstünde daş galmaz, hemmesi weýran bolar» diýdi.


Isa oňa: «Bu beýik binalary görýäňmi? Bu ýerde daş üstünde daş galmaz, hemmesi weýran bolar» diýdi.


Siz uruş turandygy we uruş baradaky myş-myşlary eşideniňizde gorkmaň. Bular bolmalydyr, ýöne entek soňy däldir.


Isa hem olara: «Dogrudan-da, öňürti Ylýas gelip, ähli zady düzetmeli. Emma Ynsan Oglunyň köp görgi görüp, ret edilmelidigi hakynda hem ýazylan ahyryn.


Olar gylyçdan geçiriler, ýesir alnyp, ähli milletleriň arasyna sürgün ediler. Keseki milletler özleriniň möhleti dolýança, Iýerusalimi ýer bilen ýegsan ederler.


«Şeýle bir günler geler, şonda bu ýerde daş üstünde daş galmaz, görýän zatlaryňyzdan hiç zat galman, hemmesi weýran bolar» diýdi.


Mesih bu görgüleri görüp, Öz şöhratyna girmeli dälmidi?» diýdi.


Isa olara: «Mesih görgi görer we üçülenji gün ölümden direler diýip ýazylandyr.


Maňa indi siziň bilen gepleşere köp wagt galmady, sebäbi bu dünýäniň hökümdary şeýtan gelýär. Onuň Men babatda hiç hili ygtyýary ýokdur.


Biz Isa Mesih arkaly Hudaýyň dogrulygy bolarymyz ýaly, Ol biziň günälerimizi asla günä etmedik Isa Mesihiň üstüne ýükledi.


Mesih Kanunyň yglan eden näletini Öz üstüne alyp, bizi şol näletden halas etdi. Çünki Töwratda: «agaçdan asylan her kes näletlenendir» diýip ýazylgydyr.


Ine, siz şunuň üçinem çagyryldyňyz, sebäbi Mesih siziň üçin ejir çekdi. Öz yzyna eýermegiňiz üçin, Ol size görelde boldy.


Biziň günä garşy ölüp, dogruçyllyk ugrunda ýaşamagymyz üçin, Ol haçda günälerimizi Öz üstüne ýükledi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz.


Isa Mesih hem bizi Hudaýa getirmek üçin, biziň günälerimiz sebäpli bir gezek öldi. Özi dogry bolsa-da, günäkärler üçin öldi. Ynsan ýaly öldürilse-de, Hudaýyň Ruhy arkaly Ol direldildi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ