Даныел 9:25 - Mukaddes Kitap25 Şuny bilip goý we düşün: Iýerusalimi täzeden dikeltmek üçin çykan buýrukdan tä seçip-saýlanjak hökümdaryň döwrüne çenli ýedi ýediýyllyk geçer. Altmyş iki ýediýyllygyň içinde Iýerusalimde meýdançalar we garymlar ýene-de täzeden gurlar. Emma bu hem muşakgatly zamanda bolar. အခန်းကိုကြည့်ပါ။Мукаддес Китап25 Шуны билип гой ве дүшүн: Иерусалими тәзеден дикелтмек үчин чыкан буйрукдан тә сечип-сайланҗак хөкүмдарың дөврүне ченли еди едийыллык гечер. Алтмыш ики едийыллыгың ичинде Иерусалимде мейданчалар ве гарымлар ене-де тәзеден гурлар. Эмма бу хем мушакгатлы заманда болар. အခန်းကိုကြည့်ပါ။ |
Bu wakalardan soň Pars patyşasy Artakserksiň döwründe Ezra Babyldan çykdy. Ol Seraýanyň ogludy. Seraýa Azarýanyň, Azarýa Hilkiýanyň, Hilkiýa Şallumyň, Şallum Sadognyň, Sagdok Ahytubyň, Ahytup Amarýanyň, Amarýa Azarýanyň, Azarýa Meraýodyň, Meraýot Zerahýanyň, Zerahýa Uzynyň, Uzyny Bukynyň, Buky Abyşuwaň, Abyşuwa Pinehasyň, Pinehas Elgazaryň, Elgazar baş ruhany Harunyň ogludy. Ol Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Musa beren kanunyndan oňat baş çykarýan, ökde mürzedi. Patyşa oňa soran zatlarynyň hemmesini berdi, çünki Hudaýy Reb ony goldaýardy.
Sanballat öz ýaranlarynyň we Samariýa goşunynyň öňünde şeýle diýdi: «Bu bolgusyz ýahudylar näme edip ýörler? Olar hemme zady täzeden guraýjaklarmyka? Ýa-da gurbanlyk berjekmikäler? Olar işi bir günüň içinde tamamlarys öýdýärmikäler? Olar zir-zibil üýşmeginden alnan we ýanan daşlardan diwar galdyraýjaklarmyka?»
Ölümden ilkinji bolup direlen, dünýä şalarynyň Hökümdary bolan sadyk şaýat Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun! Şöhrat we gudrat baky Mesihiňkidir! Çünki Ol bizi söýensoň, ganyny döküp, günälerimizden azat etdi. Ol bizden Şalyk ýaradyp, Atasy Hudaýa hyzmat etmek üçin bizi ruhanylar belledi. Omyn!