Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 9:2 - Mukaddes Kitap

2 Onuň şalygynyň birinji ýylynda men Danyýel Mukaddes Ýazgylara ser saldym. Men olardan Rebbiň Ýermeýa pygambere iberen sözüne görä, Iýerusalimiň ýetmiş ýyllap harabaçylyga öwrülip ýatjakdygyna düşündim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Онуң шалыгының биринҗи йылында мен Даныел Мукаддес Язгылара сер салдым. Мен олардан Реббиң Ермея пыгамбере иберен сөзүне гөрә, Иерусалимиң етмиш йыллап харабачылыга өврүлип ятҗакдыгына дүшүндим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 9:2
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Rebbiň Ýermeýanyň üsti bilen aýdan sözi amala aşdy. Ýurt weýrançylykda bolan günleriniň dowamynda doly ýetmiş ýyllap dynçlykda boldy.


Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň birinji ýylynda Ýermeýa arkaly aýan edilen Rebbiň sözüniň amala aşmagy üçin, Reb Kureş patyşanyň şeýle perman çykaryp, ony tutuş patyşalygyna jar etmegi onuň kalbyna saldy:


Mukaddes şäherleriň çöl boldy, Sion düzlüge, Iýerusalim haraba öwrüldi.


Bular benýamin topragyndaky Anatot obasynda ýaşaýan ruhanylaryň biri bolan Hilkiýanyň ogly Ýermeýanyň sözleridir.


Bu günki bolşy ýaly harabaçylyk, howp, ryswaçylyk, näletlenen ýer bolsun diýip, ondan Iýerusalime, Ýahuda şäherlerine, patyşalary bilen ýolbaşçylaryna içirdim.


«Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň döwründe moreşetli Mika pygamberlik edip, ol ähli halka Hökmürowan Reb şeýle diýýär diýip ýüzlendi: „Sion ekin meýdany kimin sürler. Iýerusalim harabaçylyga öwrülip, dag depesindäki ybadathanany jeňňellik basar“.


onda Men bu öýi Şilo kimin ýok ederin. Bu şäheri bolsa ýer ýüzüniň ähli milletleriniň arasynda nälete duçar ederin“».


Ýurdunyň soňy gelýänçä, ähli milletler onuň özüne, ogluna we agtygyna gulluk ederler. Soňra bolsa, köp milletler we beýik patyşalar ony özlerine gul ederler.


Çünki Reb şeýle diýýär: „Babyldaky sürgünligiňiziň ýetmiş ýyly dolanda, Men size nazar salaryn. Sizi bu ýere gaýtaryp getirmeklige beren hoş sözümi Men amala aşyraryn.


Ýurduň harabaçylyga öwrülendigi üçin, Ýahudanyň şäherlerinde, Iýerusalimiň köçelerinde şatlykdyr gülki sesini, ýigit bilen gelniň toý sesini keserin“».


Wah, öň adamdan doly şäher, indi ýalňyz boşap galdy! Milletler arasynda beýik bolan indi dul hatyna meňzäp galdy! Öň welaýatlaryň melikesi bolan, indi gyrnaga öwrüldi!


Oňa adam aýagy basmaz, haýwan toýnagy sekmez; ol ýerde kyrk ýyllap hiç kim ýaşamaz.


Onsoň men ýüzümi Taňry Hudaýa tarap öwürdim. Agyz bekläp, jul geýnip, kül üstünde oturyp, dileg etdim, Ony agtaryp ýalbardym.


Şonuň üçin hem siz sebäpli Sion ekin meýdany kimin sürler. Iýerusalim harabaçylyga öwrülip, dag depesindäki ybadathanany jeňňellik basar.


Rebbiň perişdesi: «Eý, Hökmürowan Reb, Sen ýetmiş ýyllap Iýerusalim bilen Ýahuda gahar etdiň, ýene-de näçe wagtlap olaryň şäherlerinden Öz rähmetiňi gaýgyrjak?» diýdi.


«Ýurduň ähli halkyna hem-de ruhanylaryna aýt: „Ýetmiş ýyllap bäşinji hem ýedinji aýlarda ýas tutup, agyz bekläniňizde, siz muny Meniň üçin edipmidiňiz?


Şonuň üçin hem weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň mukaddes ýerde dikilenini göreniňizde, Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn. Hawa, Danyýel pygamberiň aýdanlaryna okyjy dogry düşünsin.


Weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň durmaly däl ýerde duranyny göreniňizde, goý, Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn. Hawa, Danyýel pygamberiň aýdanlaryna dogry düşünsin.


Efiopiýaly Filipden: «Aýtsaňyzlaň, pygamber muny kim hakda aýdýar? Özi hakdamy ýa-da başga biri hakda?» diýip sorady.


Men barýançam, ýygnaga Mukaddes Ýazgylary okamak, öwüt-nesihat etmek we öwretmek bilen meşgul bol.


Bu pygamberlik sözlerini ýygnaga okap berýän bagtlydyr! Bu sözleri eşidip, olary ýerine ýetirýän bagtlydyr, çünki bu pygamberligiň berjaý bolmaly wagty golaýdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ