Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 9:19 - Mukaddes Kitap

19 Ýa Reb, eşit! Bagyşla, ýa Reb! Ýa Reb, diňle we amala aşyr! Öz hatyraň üçin, eý, Hudaýym gijikdirme! Çünki şäher we halk Seniň adyňy göterýändir!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Я Реб, эшит! Багышла, я Реб! Я Реб, диңле ве амала ашыр! Өз хатыраң үчин, эй, Худайым гиҗикдирме! Чүнки шәхер ве халк Сениң адыңы гөтерйәндир!»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 9:19
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Öz ysraýyl halkyň we men guluň şu ýere tarap bakyp dileg edenimizde, guluňyň, halkyň Ysraýylyň nalyşlaryny eşit. Öz gökdäki mesgeniňden eşit-de, bizi bagyşla.


şonda Sen Öz gökdäki mesgeniňde olaryň dileglerini, nalyşlaryny eşit-de, olaryň dadyna ýetiş. Saňa garşy günä eden halkyňy bagyşla.


Maňa degişli bolan her kesi, Öz şöhratym üçin ýaradanymy, şekil berip döredenimi getir.


Etmişlerimiz bize garşy şaýatlyk etse-de, Öz adyňyň hatyrasyna bir zat edäý, ýa Reb! Biziň dönükligimiz çökderdir juda, çünki biz Saňa garşy etdik günä.


Neçün Sen çaşan adam ýaly, halas etmäge güýji ýetmeýän batyr söweşiji ýaly bolýaň? Emma Sen biziň aramyzdasyň, biz Seniň adyň bilen çagyryldyk, bizi terk etme, ýa Reb!


Ine, Men Öz adym dakylan şäheriň üstünden betbagtlyk indermäge başlaýaryn. Siz jezasyz galarys öýdýärsiňizmi? Jezasyz galmarsyňyz, çünki Men ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsanyň üstünden gylyç indererin“. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Emma ysraýyllary Müsürden çykarandygymy gören milletleriň gözüniň alnynda adyma ysnat gelmesin diýip, Öz adymyň hatyrasyna hereket etdim.


Muňa garamazdan, ysraýyllary Müsürden çykaranymy gören milletleriň nazarynda adyma ysnat gelmesin diýip, ýene elimi yza çekdim we Öz adymyň hatyrasyna hereket etdim.


Ýöne olaryň arasynda ýaşaýan milletleriň gözüniň alnynda adyma ysnat getirmezlik üçin, Öz adymyň hatyrasyna hereket etdim. Men ol milletleriň gözüniň alnynda ysraýyl halkyny Müsürden çykarmak bilen, Özümi olara aýan etdim.


Munuň üçin ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Eý, ysraýyl halky, Men muny siziň hatyraňyza däl-de, siziň milletleriň arasyna gidip, ysnat getiren Öz mukaddes adymyň hatyrasyna edýärin.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Indi Men Ýakubyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin, bütin ysraýyl halkyna rehim ederin we mukaddes adym sebäpli gabanjaň bolaryn.


Eý, Hudaýym, diňle we eşit! Gözleriňi açyp, biziň weýrançylygymyza we Seniň adyň dakylan şähere seret. Biziň dogruçyldygymyz sebäpli däl-de, eýsem Seniň beýik rehimdarlygyň sebäpli öz nalyşlarymyzy Seniň huzuryňa getirdik.


Çekirtgeler ýurduň ähli gögeren zadyny iýip gutaranda, men şeýle diýdim: «Ýa Hökmürowan Reb, ýalbarýaryn, Öz halkyňy bagyşla! Ýakubyň nesli muňa neneň çydasyn?! Ol bir kiçi halkdyr!»


Müsürden çykalymyz bäri, bularyň günälerini bagyşlap gelşiň ýaly, halkyň bu etmişini-de Öz beýik sadyk söýgiňiň hatyrasyna bagyşla».


Şeýdip, Harun we onuň ogullary ysraýyllara Meniň adym bilen pata bersinler, Men hem olary ýalkaryn“».


Size şuny aýdaýyn, ol adam saňa çöregi dostlugyň hatyrasyna bermese-de, ony gününe goýman, erjellik bilen soraberseň, islendik soran zadyňy berer.


Şeýdip, aman galanlar Rebbi agtarsyn, Maňa degişli ähli milletler Rebbi gözlesin. Muny bu zatlary edýän Reb aýdýandyr,


Söwer Ogly arkaly bize boldan-bol eçilen şöhratly merhemeti üçin Hudaýa öwgüler bolsun!


Özüniň çuňňur baý akyldarlygy imanlylar ýygnagy arkaly gökdäki ruhy hökümdarlara we erk-ygtyýarlylara bildirilsin diýip, Hudaý şeýle etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ