Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 9:14 - Mukaddes Kitap

14 Şonuň üçin Reb bu belalaryň amatly pursadyny peýläp, olary biziň başymyzdan inderdi. Çünki Hudaýymyz Reb ähli edýän işlerinde adyldyr. Biz bolsa Onuň sözüne boýun bolmadyk.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Шонуң үчин Реб бу белаларың аматлы пурсадыны пейләп, олары бизиң башымыздан индерди. Чүнки Худайымыз Реб әхли эдйән ишлеринде адылдыр. Биз болса Онуң сөзүне боюн болмадык.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 9:14
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Ysraýylyň baştutanlary we patyşa özlerini kiçeldip: «Reb adyldyr!» diýdiler.


Ýa Reb, eý, Ysraýyl Hudaýy, Sen adylsyň! Bu gün biziň, aman galan halkyň günäsi zerarly Seniň öňüňde durup biljegimiz ýokdur, emma şonda-da biz Seniň huzuryňda durus».


Başymyzdan inen ähli jezalarda Sen adalatly bolduň. Çünki Sen wepaly bolsaň-da, biz erbetlik etdik.


Ol şum habardan gorkmaz, Rebbe bil baglap, ýüregi sarsmaz.


Soňra faraon adam ýollap, Musa bilen Haruny çagyrtdy we olara: «Bu gezek men günämi boýun alýan. Rebbiňki dogry, meniň we halkymyň edýäni nädogry.


Ýa Reb, Seniň bilen dawalaşsam, Sen hemişe hakly çykýarsyň. Emma ýene-de adalat barada Seniň bilen gürleşmek isleýärin. Näme üçin erbetleň ýoly rowaçlanýar? Näme üçin haýynlar asuda ýaşaýar?


Men olary sogrup taşlamagyň we ýykmagyň, ýer bilen ýegsan edip, ýok etmegiň, üstlerinden betbagtlyk indermegiň çemini nähili aňtan bolsam, gurup, bina etmegi hem şonça aňtaryn. Muny Reb aýdýandyr.


Olar ekin sakçylary ýaly onuň daş-töweregini gabarlar, çünki Iýerusalim Maňa garşy baş galdyrdy. Muny Reb aýdýandyr.


Men olary ýagşylyk üçin däl-de, ýamanlyk üçin aňtaýaryn. Müsür ýurdundaky ýahudalylaryň hemmesi doly gyrlyp ýok bolýança, gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar.


Ýagylary hökümdar bolýar, duşmanlary rowaçlanýar. Ýazygynyň agyrdygy üçin Reb bu hasraty çekdirdi Siona. Duşmanynyň öňüne salnyp, çagalary sürgün edildi onuň.


Sen ýaşlyk günleriňi ýatlaman, eden ähli hereketleriň bilen Meni gazaplandyrdyň. Ine, Men-de eden işleriňi öz başyňdan indererin“. Muny Hökmürowan Reb diýýär. „Näme üçin sen ähli nejis işleriňiň üstüne bu haýasyzlygyňy-da goşduň?


Indi men Nebukadnesar gögüň Patyşasyny öwgi bilen beýgeldip hormatlaýaryn. Çünki Onuň ähli işleri hakykat, ýollary adalatdyr. Tekepbirleri peseltmäge Onuň güýji ýetýändir.


Ýa Reb, Sende adalat bar, emma biz bu günki gün hem ýüzügaradyrys! Bu ýahuda halkyna, Iýerusalimiň ilatyna, Saňa garşy eden dönükligi sebäpli ähli ýurtlara dargadan halkyňa, ýakynu-uzakda bolan bütin ysraýyllara degişlidir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ