Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 8:8 - Mukaddes Kitap

8 Onsoň erkeç has güýçlendi, emma onuň güýji has beýgelende, onuň şol ýeke uly şahy döwüldi we onuň ýerine gögüň dört şemalyna garap duran dört sany göze ilginç şah peýda boldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Онсоң эркеч хас гүйчленди, эмма онуң гүйҗи хас бейгеленде, онуң шол еке улы шахы дөвүлди ве онуң ерине гөгүң дөрт шемалына гарап дуран дөрт саны гөзе илгинч шах пейда болды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 8:8
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Uzyýa kuwwatlananda, gopbamlyk edip, heläkçilige uçrady. Ol Hudaýy Rebbe haýynlyk etdi, ol ýakymly ysly tütetgi sypasynda tütetgi ýakmak üçin Rebbiň ybadathanasyna girdi.


Mordekaýyň köşkdäki mertebesi, at-abraýy günsaýyn artyp, şöhraty ähli welaýatlara doldy.


Asmanyň dört ujundan dört ýeli Eýlamyň başyndan inderip, olary bu ýelleriň çar tarapyna dargadaryn. Eýlamyň sürgün edilenleriniň aýak basmadyk ýurdy galmaz.


Guşlardan doly kapasa ýaly, olaryň öýleri-de hileden doly. Şeýdip, olar beýgeldiler, baýadylar,


Seni meýdan ösümligi kimin ösdürdim, sen ösüp, kemala geldiň, aňrybaş gözellige ýetdiň, göwüsleriň tözlenip, saçyň uzyn boldy, ýöne sen alaň-açyk we ýalaňaçdyň.


Sen özüňi öldürenleriň huzurynda-da: „Men hudaý“ diýersiňmi? Özüňi öldürenleriň elinde sen hudaý dälsiň, ynsansyň.


Ýöne ýaňy güýçlenip, aýaga galan mahaly, onuň patyşalygy dargadylyp, gögüň çar tarapyna bölüner. Patyşalyk onuň nesline geçmez, onuň ýerine patyşa bolanlaryň hiç biri onuň ýaly höküm sürmez. Onuň patyşalygy köki bilen sogrulyp, öz neslinden bolmadyk başga birilerine berler.


Bellenen möhlet dolanda, men Nebukadnesar gözlerimi göge dikdim we akylyma geldim. Men Beýik Hudaýa alkyş aýtdym. Baky Ýaşaýany şöhratlandyrdym, hormatladym. Onuň hökümdarlygy ebedi hökümdarlykdyr. Patyşalygy nesilden-nesle dowam eder.


Emma ol doňýürek bolup, tekepbirlik bilen gopbamsy hereket edende, patyşalyk tagtyndan düşürildi we şöhraty elinden alyndy.


Ol şeýle gürrüň berdi: «Men gije bir görnüş gördüm, ine, gögüň dört şemalynyň beýik deňze tarap tolkun atýandygyny gördüm.


Mundan soň gaplaňa meňzeş başga bir jandar gördüm, onuň dört kellesi, arkasynda bolsa dört ganaty bardy. Oňa hökümdarlyk berlendi.


Ol şahyň döwlüp, ýerine dört şahyň çykmagy ol milletden dört patyşalygyň çykjakdygyny, ýöne olaryň ilkinji patyşalyk ýaly güýçli bolmajakdygyny aňladýar.


Men syn edip durkam, ine, günbatardan bir erkeç peýda boldy. Ol aýagyny ýere basmazdan, bütin ýer ýüzüni aýlanyp çykdy. Onuň iki gözüniň ortasynda göze ilip duran bir şahy bardy.


Men onuň goça golaý baranyny gördüm. Ol goça gazap bilen hüjüm etdi, ony süsüp, iki şahyny-da döwdi. Onuň öňünde durmaga goçuň güýji ýokdy. Erkeç ony ýere çalyp depeledi. Goçy onuň elinden halas etjek hiç kim ýokdy.


Ol belent surnaý sesi bilen Öz perişdelerini ýollar. Perişdeler Onuň saýlanlaryny gögüň bir ujundan beýleki ujuna çenli, dünýäniň dört künjünden ýygnarlar.


Şonda Ol perişdeleri ýollap, Öz saýlanlaryny çar tarapdan, ýeriň ujundan tä gögüň ujuna çenli ýygnar.


Çünki Men olary ata-babalaryna wada eden ýurduma – süýt we bal akýan ýurda getirenimde, olar iýip-içip, garynlary dok bolup mesirgäp, başga hudaýlara sygynyp, olara gulluk ederler. Meni ýigrenip, Meniň ähtimi bozarlar.


Şundan soň ýeriň dört burçunda duran dört perişdäni gördüm. Olar ýer ýüzüne, deňze ýa-da agaçlara öwüsmesin diýip, ýeriň dört tarapyndaky ýelleri saklap durdular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ