Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 8:25 - Mukaddes Kitap

25 Öz danalygy bilen hilegärlikde üstünlik gazanar we ýüreginde özüni beýgelder. Duýdurmazdan köp halky ýok eder, hatda hökümdarlaryň Hökümdaryna garşy çykar. Emma onuň özi ynsan eli degmezden synar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Өз даналыгы билен хилегәрликде үстүнлик газанар ве йүрегинде өзүни бейгелдер. Дуйдурмаздан көп халкы ёк эдер, хатда хөкүмдарларың Хөкүмдарына гаршы чыкар. Эмма онуң өзи ынсан эли дегмезден сынар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 8:25
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar göz ýumup-açasy salymda ölýärler, adamlar gije lerzana gelip, dünýäden ötýärler, güýçlüler hem ynsan eli degmezden ýok bolýarlar.


Ony serhoş ediň, sebäbi ol Rebbe tekepbirlik etdi. Mowap öz gusugynda togalanar, ol ile masgara bolar.


Çünki eziz halkymyň jezasy ynsan eli degmezden bir demde ýykylan Sodomyň jezasyndan uludyr.


Bu goşun ele düşensoň, günorta patyşasynyň ýüregi galkynar. Ýöne ol on müňlerçe adamy öldürse-de, onuň ýeňşi uzaga çekmez.


Ol öz şalyk çadyrlaryny deňiz bilen owadan mukaddes dagyň arasynda diker. Emma onuň ömrüniň soňy geler, oňa kömek eden tapylmaz».


Emma kazyýet mejlisi höküm çykarar. Onuň hökümdarlygy elinden alnar, wes-weýran bolup, bütinleý ýok ediler.


Şahlara üns berip durkam, olaryň arasyndan ýene-de başga bir kiçijik şah peýda boldy. Öňki peýda bolan şahlardan üçüsi onuň öňünden köki-damary bilen sogruldy. Bu şahyň ynsanyň gözlerine meňzeş gözleri we tekepbirlik bilen gepleýän agzy bardy.


Kiçijik şah özüni hatda goşun serdaryna çenli beýgeltdi. Ol goşun serdarynyň elinden gündelik ýakma gurbanlygyny alyp, mukaddes öýi ýok etdi.


Şuny bilip goý we düşün: Iýerusalimi täzeden dikeltmek üçin çykan buýrukdan tä seçip-saýlanjak hökümdaryň döwrüne çenli ýedi ýediýyllyk geçer. Altmyş iki ýediýyllygyň içinde Iýerusalimde meýdançalar we garymlar ýene-de täzeden gurlar. Emma bu hem muşakgatly zamanda bolar.


Şobada Rebbiň bir perişdesi Hirodesi jezalandyrdy, sebäbi ol Hudaýy şöhratlandyrmandy. Şeýdip, onuň endam-jany gurtlap öldi.


Özüňizi hiç kime hiç ýol bilen aldatmaň. Çünki köpler Hudaýa garşy baş galdyrar we ýok edilmeli bikanun adam peýda bolar. Ýöne bu zatlar amala aşýança, Rebbiň güni gelmez.


bikanun adam peýda bolar. Reb Isa agzynyň demi bilen, Öz gelşiniň şanly şöwketi bilen ony ýok eder.


Olar Guzy bilen söweşerler, ýöne Guzy olary ýeňer. Çünki Guzy şalaryň Şasy, taňrylaryň Taňrysydyr. Onuň çagyranlary, saýlanlary we sadyklary Onuň bilen bolarlar».


Onuň donunda we budunda «ŞALARYŇ ŞASY, TAŇRYLARYŇ TAŇRYSY» diýen at ýazylgydy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ