Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 8:24 - Mukaddes Kitap

24 Ol güýçlenip kuwwatlanar, ýöne bu onuň öz güýji bilen bolmaz. Ol elhenç weýrançylyklar getirer, edýän işi rowaçlanar. Ol güýçlüleri we mukaddes adamlary heläk eder.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Ол гүйчленип кувватланар, йөне бу онуң өз гүйҗи билен болмаз. Ол элхенч вейранчылыклар гетирер, эдйән иши ровачланар. Ол гүйчлүлери ве мукаддес адамлары хеләк эдер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 8:24
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Namart adam ylalaşyk baglaşmak bilen hile gurar we kiçi goşun bilen güýçlener.


Men suwuň ýokary akymynda eginbaşy nepis zygyr matadan edilen adamyň sag hem çep elini göge galdyryp, baky Ýaşaýanyň adyndan ant içip: «Bir wagta, iki wagta we ýarym wagta çenli dowam eder. Mukaddes halkyň güýji soňuna çenli bütinleý syndyrylandan soňra, bu zatlaryň ählisi doly tamamlanar» diýenini eşitdim.


Ol Beýik Hudaýa garşy küpür geplär, Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryny ezer. Baýramçylyk senelerini we kanunyny üýtgetmäge dyrjaşar. Onsoň bular bir wagta, iki wagta, ýarym wagta çenli bu patyşanyň eline berler.


Kiçijik şah ulalyp, asman jisimine çenli baryp ýetdi. Ol goşundan, ýagny ýyldyzlardan birnäçesini ýere taşlap depgiledi.


Kiçijik şah özüni hatda goşun serdaryna çenli beýgeltdi. Ol goşun serdarynyň elinden gündelik ýakma gurbanlygyny alyp, mukaddes öýi ýok etdi.


Pitne turzany sebäpli gündelik ýakma gurbanlygy goşun bilen birlikde onuň ygtyýaryna berildi. Ol hakykaty ýere çalyp, her bir eden işinde üstünlik gazandy.


Bu dört patyşalygyň soňy ýakynlaşanda, günäleri ýetjek derejesine ýetende, tekepbir, diýseň mekir patyşa dörär.


Olar halkyňyň we pygamberleriňiň ganyny dökdi, Sen hem olara gan içirip, almytyny berdiň!»


Çünki Hudaý Öz maksadyny amala aşyrmak islegini olaryň ýüregine guýdy. Şunlukda, olar Hudaýyň sözleri berjaý bolýança, özleriniň hökmürowanlyk ygtyýaryny jandara bermäge biragyzdan razy bolarlar.


Onsoň aýalyň Hudaýyň halkynyň we Isanyň şaýatlarynyň ganyny içip, serhoş bolanyny gördüm. Muny görüp, gaty geň galdym.


Çünki Onuň hökümleri dogry, adyldyr: zynasy bilen dünýäni azdyran uly lolyny Ol höküm etdi, gullaryny öldüren loludan olaryň aryny aldy».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ