Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 8:23 - Mukaddes Kitap

23 Bu dört patyşalygyň soňy ýakynlaşanda, günäleri ýetjek derejesine ýetende, tekepbir, diýseň mekir patyşa dörär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Бу дөрт патышалыгың соңы якынлашанда, гүнәлери етҗек дереҗесине етенде, текепбир, дийсең мекир патыша дөрәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 8:23
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Nesliňiň dördünji arkasy bu ýere dolanyp geler, çünki amorlaryň günäsi heniz jeza almak derejesine ýetenok».


Sen ýer ýüzüni gaplaýan bulut kimin halkym Ysraýylyň üstüne hüjüm edersiň. Eý, Gog, ahyrky günlerde Men seni Öz ýurduma hüjüm etdirerin, sen arkaly milletlere mukaddesligimi aýan edip, Özümi tanadaryn».


Köp wagtdan soňra sen söweşe çagyrylarsyň. Geljek ýyllarda sen köp halklaryň içinden yzyna ýygnalan, hemişelik haraba öwrülen Ysraýyl daglarynda toplanan, uruşdan rahatlyga gowşan ýurda hüjüm edersiň. Başga milletleriň arasyndan çykarylyp getirilen bu halkyň hemmesi indi howpsuz ýaşaýarlar.


Men ahyrky günlerde seniň halkyňyň başyna nämeleriň geljegini saňa düşündirmäge geldim, çünki bu görnüş şol geljek döwre degişlidir».


Onuň ýerine patyşalyk hormatyna mynasyp bolmadyk bir namart adam peýda bolar. Ol duýdansyz gelip, patyşalygy mekirlik bilen eline alar.


Ol welaýata bolçulyk döwründe duýdansyz baryp, ata-babalarynyň hiç haçan edip bilmedik işlerini eder. Talaň, çapawulçylyk edip, oljany öz goşunynyň arasynda paýlar. Galalaryň garşysyna dildüwşük gurar, emma bu uzak gitmez.


Şahyň agzyndan çykýan tekepbir sözler meniň ünsümi özüne çekdi. Bu jandar gözümiň alnynda öldürildi we maslygy ýok edilip, ýanyp duran oda taşlandy.


Onuň başyndaky on şahdan soňra çykan bir şahyň hem nämedigini bilesim geldi. Bu şahyň öňünde öňki üç şah ýykyldy. Bu şahyň gözleri we tekepbirlik bilen gepleýän agzy bardy, görnüşi beýlekilerden has uludy.


Ol Beýik Hudaýa garşy küpür geplär, Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryny ezer. Baýramçylyk senelerini we kanunyny üýtgetmäge dyrjaşar. Onsoň bular bir wagta, iki wagta, ýarym wagta çenli bu patyşanyň eline berler.


Şahlara üns berip durkam, olaryň arasyndan ýene-de başga bir kiçijik şah peýda boldy. Öňki peýda bolan şahlardan üçüsi onuň öňünden köki-damary bilen sogruldy. Bu şahyň ynsanyň gözlerine meňzeş gözleri we tekepbirlik bilen gepleýän agzy bardy.


Ol şahyň döwlüp, ýerine dört şahyň çykmagy ol milletden dört patyşalygyň çykjakdygyny, ýöne olaryň ilkinji patyşalyk ýaly güýçli bolmajakdygyny aňladýar.


Ol güýçlenip kuwwatlanar, ýöne bu onuň öz güýji bilen bolmaz. Ol elhenç weýrançylyklar getirer, edýän işi rowaçlanar. Ol güýçlüleri we mukaddes adamlary heläk eder.


Öz danalygy bilen hilegärlikde üstünlik gazanar we ýüreginde özüni beýgelder. Duýdurmazdan köp halky ýok eder, hatda hökümdarlaryň Hökümdaryna garşy çykar. Emma onuň özi ynsan eli degmezden synar.


Emma Kitimden gämiler gelip, Aşur bilen Eberi gulçulykda ezerler, olaryň yzy hem müdimilik ýiter».


Beýle bolsa, ata-babalaryňyzyň başlan işlerini tamamlaň indi!


Şol ýüzi hyrsyz halk ýaşy-garryny sylamaz, rehim-şepagat etmez.


Mukaddes Ruh ahyrky günlerde käbir adamlaryň imandan dänip, azdyryjy ruhlara we jynlaryň taglymatlaryna eýerjekdiklerini aýdyň aýdýar.


Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ