Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 8:2 - Mukaddes Kitap

2 Görnüşde men özümi Eýlam welaýatyndaky Suza galasynda gördüm. Men özümiň Ulaý kanalynyň boýunda durandygymy gördüm.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Гөрнүшде мен өзүми Эйлам велаятындакы Суза галасында гөрдүм. Мен өзүмиң Улай каналының боюнда дурандыгымы гөрдүм.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 8:2
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eýlam, Aşur, Arpakşat, Lut we Aram Samyň nesilleridir.


Omrapel Şingaryň, Arýok Elasaryň, Kedorlagomer Eýlamyň, Tidal bolsa Goýimiň patyşasydy.


Hakalýanyň ogly Nehemýa, ine, şulary gürrüň berdi: – Pars patyşasy Artakserksiň patyşalyk etmeginiň ýigriminji ýylynyň Kislew aýynda men Suza galasyndadym.


Şol döwürde Kserks patyşa Suza galasyndaky tagtynda oturyp, ýurtda şalyk sürýärdi.


Şeýdip, patyşanyň tabşyrygy we permany yglan edilip, birtopar boý gyzlar Suza galasyna getirilip, Hegaýyň gözegçiligi astynda goýuldy. Ester hem patyşanyň köşgüne getirilip, aýallara sakçylyk edýän Hegaýyň gözegçiligine berildi.


Çaparlar patyşanyň buýrugy bilen gyssagly ýola düşdüler. Perman Suza galasynda çykaryldy. Patyşa bilen Haman içmäge oturdylar. Suzada welin aljyraňňylykdy.


Ester: «Biziň ganym duşmanymyz, ine, şu zalym Hamandyr!» diýdi. Haman patyşa bilen şa aýaly Esteriň öňünde gaty gorkdy.


Mawy hem ak reňkdäki şa lybasly, başy uly altyn jygaly we nepis zygyr matadan dokalan gyrmyzy donly Mordekaý patyşanyň huzuryndan gaýtdy. Muňa Suzadakylar gygyryşyp şatlandylar.


Hut şol günüň özünde Suza galasynda öldürilenleriň sany barada patyşa maglumat berdiler.


Adar aýynyň on dördüne Suzadaky ýahudylar ýygnanyşyp, Suzada üç ýüz adamy öldürdiler, ýöne olar olja el urmadylar.


Şol gün Aşurdan, Müsürden, Patrosdan, Efiopiýadan, Eýlamdan, Şingardan, Hamatdan we adalarda aman galan halkyny yzyna getirmek üçin, Taňry ikinji gezek elini uzadar.


Bir gorkunç görnüş aýan boldy, haýyn haýynlyk edýär, talaňçy talaýar. Hüjüm et, eý, Eýlam! Gaba, eý, Madaý! Babyl sebäpli bolan nalyşlaryň soňuna çykaryn.


Kebar kanalynyň ýakasynda sürgün edilenleriň arasyndakam, gökler açyldy we men Hudaýdan gelen görnüşleri gördüm. Bu sürgünde bolýan wagtymyzyň otuzynjy ýylynyň dördünji aýynyň bäşine boldy.


Eýlam ýurdy ol ýerde we ähli goşuny onuň gabrynyň töwerek-daşynda; olaryň bary gylyçdan geçirilip öldürilenler; dirileriň ýurduna howp salan bu sünnetsizler ýeriň teýine indiler. Ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde olar hem utanja galdylar.


Birinji aýyň ýigrimi dördünji güni men beýik derýanyň Tigr derýasynyň kenarynda durdum.


Gören görnüşlerim men Danyýeli böwrüme pyçak sanjylan ýaly howsala saldy.


Ol şeýle gürrüň berdi: «Men gije bir görnüş gördüm, ine, gögüň dört şemalynyň beýik deňze tarap tolkun atýandygyny gördüm.


Patyşa Belşasaryň patyşalygynyň üçünji ýylynda men Danyýel öňki görenimden başga ýene bir görnüş gördüm.


Men seredip durkam, kanalyň kenarynda bir goç gördüm. Onuň iki şahy bardy. Şahlarynyň ikisi hem uzyndy, ýöne biri beýlekisinden has uzyndy we şol uzyny soň çykypdy.


Reb olara şeýle diýdi: «Meniň sözlerime gulak salyň: „Eger araňyzda pygamberler bar bolsa, Men-Reb görnüşlerde Özümi aýan edip, Olar bilen düýşde gepleşýärin.


Hudaý gadym döwürde ata-babalarymyza pygamberler arkaly köp gezek we dürli ýollar bilen gepledi.


Görnüşimde gören atlarymyň we olaryň üstündäkileriň görnüşi şeýledi: atlylaryň sowutlary ot ýaly gyzyl, goýy gök we kükürt ýaly sarydy; atlaryň kellesi arslanyňka meňzeýärdi, agyzlaryndan ot, tüsse we kükürt çykýardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ