Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 8:13 - Mukaddes Kitap

13 Onsoň men bir perişdäniň geplänini eşitdim. Başga bir perişde bu geplän perişdä şeýle sorag berdi: «Bu görnüşde görlen zatlar haçana çenli dowam ederkä? Haçana çenli gündelik ýakma gurbanlygynyň ýerini weýrançylyk getirýän gozgalaň tutjakka we mukaddes öý bilen goşun aýak astyna taşlanyp depelenjekkä?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Онсоң мен бир перишдәниң гепләнини эшитдим. Башга бир перишде бу геплән перишдә шейле сораг берди: «Бу гөрнүшде гөрлен затлар хачана ченли довам эдеркә? Хачана ченли гүнделик якма гурбанлыгының ерини вейранчылык гетирйән гозгалаң тутҗакка ве мукаддес өй билен гошун аяк астына ташланып депеленҗеккә?»

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 8:13
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men bolsa elmydama beýan ederin, Ýakubyň Hudaýyna nagma aýdaryn.


Çünki käse Rebbiň elinde, ol güýçli garylyp, köpükleýän şerapdan doly. Reb gazaby we şeraby käseden guýar: ýer ýüzüniň ähli erbetleri, ony löderesine çenli içerler.


Ýa Hökmürowan Hudaýymyz Reb! Öz halkyň doga-dileglerine Sen haçana dek boljak gaharly?


Ölüm bilen eden ähtiňiz ýatyrylar, Gabyr bilen baglaşan ylalaşygyňyz puja çykar; uly betbagtçylyk gelende, ýer bilen ýegsan bolarsyňyz.


Onsoň men: «Ýa Reb haçana çenli?» diýip soradym. Ol şeýle jogap berdi: «Şäherler weýran bolup, ilatsyz galýançalar, öýler adamsyz galyp, ýurt bütinleý haraba öwrülýänçä,


Mukaddes halkyň az wagt mukaddes ýeriňe eýelik etdi, emma duşmanlarymyz aýak astyna atdylar ony.


Biziň üçin bir çaga doguldy, bir ogul berildi bize, hökümdarlyk onuň gerşinde bolar; Onuň ady Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar.


Köp çopanlar üzüm bagymy weýran etdiler, ekin meýdanymy depeläp tozdurdylar, ajaýyp mellegimi takyr çöle öwürdiler.


Onuň iberen goşunlary mukaddes ýeri we galany eýeläp, olary harama çykararlar. Olar gündelik ýakma gurbanlygyny ýatyryp, weýrançylyk getirýän ýigrenji zady dikerler.


Gündelik ýakma gurbanlygyň ýatyrylyp, weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň dikeldilen wagtyndan başlap, bir müň iki ýüz togsan gün geçer.


Men eşitdim, ýöne düşünmedim. Şonuň üçin ondan: «Jenabym, bu zatlaryň soňy nähili bolar?» diýip soradym.


Hyýalyma ýatyrkam gören düýşüm üznüksiz gelip durdy, ine, gökden bir gözegçi perişde inip gelýärdi.


Onuň ynsan ýüregi alnyp, deregine haýwan ýüregi berilsin. Onuň üstünden ýedi pasyl aýlansyn.


Agajyň köküniň we damarynyň goýulmagy barada buýruk berlişi ýaly, sen Gökdäkiniň hökümdarlygyna göz ýetireniňden soň, patyşalygyň täzeden dikeldiler.


Men ol ýerde duranlaryň birine ýakynlaşyp, ondan bulara degişli ähli hakykaty soradym. Şeýdip, ol maňa bu zatlaryň ýorgudyny aýdyp berdi:


Meniň söhbetdeşim şeýle diýdi: «Dördünji jandar ýer ýüzünde dörejek dördünji patyşalykdyr. Ol ähli patyşalyklardan tapawutly bolup, tutuş ýer ýüzüni çeýnär, ony depeläp, bölek-bölek eder.


Hökümdar köpler bilen bir hepdelik berk äht baglaşar. Ýarym hepdeden soň bolsa gurbanlyk we sadaka bermesini goýar. Edilen karar onuň başyndan inýänçä, bu weýran ediji hökümdar ybadathananyň içinde weýrançylyk getirýän ýigrenji zady diker».


Özüm bilen gepleşen perişdeden: «Bular näme?» diýip soradym. Ol: «Bular Ýahudany, Ysraýyly hem-de Iýerusalimi dargadan şahlar» diýip jogap berdi.


Siz Rebbiň dagynyň jülgesiniň içi bilen gaçarsyňyz, sebäbi ol jülge Asele çenli uzalyp gider. Siz şonda Ýahuda patyşasy Uzyýanyň döwründe bolan ýertitremeden gaçyşyňyz ýaly gaçarsyňyz. Şol wagt meniň Hudaýym Reb ähli mukaddesler bilen bile geler.


Atam ähli zady Maňa tabşyrdy. Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir. Atany-da Oguldan we Ogluň Ony aýan etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim tanaýan däldir.


Şonuň üçin hem weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň mukaddes ýerde dikilenini göreniňizde, Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn. Hawa, Danyýel pygamberiň aýdanlaryna okyjy dogry düşünsin.


Weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň durmaly däl ýerde duranyny göreniňizde, goý, Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn. Hawa, Danyýel pygamberiň aýdanlaryna dogry düşünsin.


Atam ähli zady Maňa tabşyrdy. Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir. Atany-da Oguldan we Ogluň Ony aýan etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim tanaýan däldir» diýdi.


Goşunlaryň Iýerusalimi gabandygyny gören çagyňyz, onuň weýran ediljek wagtynyň golaýlandygyny biliň.


Olar gylyçdan geçiriler, ýesir alnyp, ähli milletleriň arasyna sürgün ediler. Keseki milletler özleriniň möhleti dolýança, Iýerusalimi ýer bilen ýegsan ederler.


Hudaýy hiç kim asla gören däldir. Bize Ony Atasynyň gujagyndaky, Özi-de Hudaý bolan ýeke-täk Ogly tanatdy.


Ol şeýle diýdi: «Reb Sinaý dagyndan geldi, halkyna Segirden dogdy, Paran dagyndan nur saçdy. Ýanynda on müňlerçe perişde bardy, sag elinde lowlaýan ot bardy.


Rebbimiz Isa Öz ähli perişdeleri bilen bile gelende, Atamyz Hudaýyň öňünde aýypsyz we mukaddes bolup bileriňiz ýaly, goý, Ol ýürekleriňizi kuwwatlandyrsyn.


Şeýle bolsa, Hudaýyň Ogluny aýak astyna salana ondan-da agyr jezanyň garaşýandygyny göz öňüne getirip görüň! Mesihiň äht gany bilen päklenip, soňam muny murdar hasaplaýanyň we merhemet Ruhuny ryswa edýäniň haly niçik bolar?


Şonda bu habaryň pygamberler üçin däl-de, siziň üçindigi aýan boldy. Häzirki wagtda bolsa gökden berlen Hoş Habar size Mukaddes Ruhuň gudraty bilen wagyz edilýär. Bu zatlara hatda perişdeler-de düşünmäge çalyşdylar.


Adam atadan soňra ýedinji nesil bolan Hanok hem bu adamlar hakda şeýle pygamberlik edipdir: «Ine, Reb san-sajaksyz, müňlerçe perişdeleri bilen gelýär.


Emma ybadathananyň daşky howlusyny hasaba alma, ony ölçeme, sebäbi ol başga milletlere berlendir. Olar mukaddes şäheri kyrk iki aýlap depelär.


Olar batly ses bilen gygyryp: «Eý, mukaddes we hakyky Reb! Sen ýer ýüzüniň ilatyny haçan höküm etjek? Biziň ganymyzy olardan haçan sorajak?» diýip soradylar.


Rebbiň perişdesi oňa: «Meniň adymy näme soraýarsyň? Ol örän täsindir!» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ