Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 7:9 - Mukaddes Kitap

9 Men seredip durkam tagtlar guruldy. Owaldan Bar Bolan tagtynda oturdy. Onuň geýimleri gar ýaly ap-akdy, başyndaky saçlary hem pamyk ýaly ap-akdy. Onuň tagty oduň ýalny kimindi, tigirleri ýanyp duran otdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Мен середип дуркам тагтлар гурулды. Овалдан Бар Болан тагтында отурды. Онуң гейимлери гар ялы ап-акды, башындакы сачлары хем памык ялы ап-акды. Онуң тагты одуң ялны киминди, тигирлери янып дуран отды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 7:9
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Mikaýa şeýle diýdi: «Şonuň üçin hem sen Rebbiň sözüne gulak goý. Men Rebbiň Öz tagtynda oturanyny, gögüň ähli goşunlarynyň Onuň sagynda we solunda ýakyn duranyny gördüm.


Onsoň Mikaýa şeýle diýdi: «Şonuň üçin hem sen Rebbiň sözüne gulak goý. Men Rebbiň Öz tagtynda oturanyny, ähli gögüň goşunlarynyň Onuň sagynda we solunda duranyny gördüm.


Hökmürowan Reb biziň bilendir, Ýakubyň Hudaýy berkitmämizdir.


Rebbe diýerin: «Meniň penam hem-de berkitmäm, meniň Hudaýym, özümiň bil baglaýanym».


Galk, eý, ýer ýüzüniň Kazysy, tekepbirlere päline görä ber jezasyny!


Uzyýa patyşanyň ölen ýyly beýik hem şöhratly tagtyň üstünde oturan Taňryny gördüm. Lybasynyň syýy ybadathanany doldurýardy.


Biziň üçin bir çaga doguldy, bir ogul berildi bize, hökümdarlyk onuň gerşinde bolar; Onuň ady Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar.


Men tagtymy Eýlamda bina edip, onuň patyşalaryny we ýolbaşçylaryny ol ýerden ýok ederin. Muny Reb aýdýandyr.


Gümmeziň depesinde ýakut görnüşli tagtyň keşbi bardy; tagtyň keşbiniň üstünde ynsan görnüşinde bir keşp bardy.


Gije şol görnüşimde ynsan ogluna meňzeş biriniň gögüň bulutlary bilen gelýändigini gördüm. Ol owaldan Bar Bolanyň ýanyna ýakynlaşyp, Onuň huzuryna getirildi.


Onsoň owaldan Bar Bolan gelip, Özüniň mukaddes adamlarynyň haýryna höküm çykardy. Beýik Hudaýyň mukaddes adamlary üçin patyşalygy eýelemegiň wagty geldi.


Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat, Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da, senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek, onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr.


Owaldan bar bolan Sen dälmi, ýa Reb?! Mukaddes Hudaýym biz ölmeris! Eý, Reb, babyllylary bize höküm etsin diýip saýladyň, eý, Gaýam, olary bize jeza bersin diýip bellediň.


Şol ýerde olaryň gözüniň alnynda Onuň keşbi üýtgedi. Onuň ýüzi Gün kimin parlady, eginbaşy ap-ak bolup, yşyk saçdy.


Onuň görnüşi ýyldyrym ýaly öwşün atýardy, eginbaşy gar ýaly akdy.


Onuň eginbaşy gözüňi gamaşdyryp barýan ap-ak reňke öwrüldi welin, ýer ýüzünde hiç kim ony beýle agardyp biljek däldi.


Dawut bir pygamberdi. Hudaýyň ant içip, beren sözüne görä, Dawut öz neslinden biriniň onuň tagtynda oturjakdygyny bilýärdi.


Indi Isa beýgeldildi we Ol Hudaýyň sagynda otyr. Ol wada edilen Mukaddes Ruhy Ata Hudaýdan kabul edip, Ony biziň üstümize ýagdyrdy. Muny siziň özüňiz görüp we eşidip dursuňyz.


Biziň Isa Mesihden eşidip, size yglan edýän habarymyz şudur: Hudaý nurdur, Onda hiç tümlük ýokdur.


Onuň saçlary ýüň ýaly, gar ýaly ap-akdy, gözleri alawlaýan ot ýalydy,


Patyşalaryň, müňbaşylaryň, güýçli söweşijileriň läşini, atlaryň we atlylaryň läşini, erkinleriň we gullaryň läşini, kiçileriň we ulularyň läşini iýmäge toplanyň!»


Onsoň men tagtlary, olaryň üstünde oturanlary gördüm. Olara kazylyk etmeklik ygtyýary berildi. Mundan başga-da, men Isa we Hudaýyň Hoş Habary hakda şaýatlyk edenleri üçin başlary kesilenleriň janlaryny gördüm. Olar jandara we onuň butuna sežde etmändiler, maňlaýyna ýa-da ellerine onuň tagmasyny basdyrmandylar. Olar direlip, Mesih bilen müň ýyl şalyk sürdüler.


Şol pursadyň özünde meniň üstüme Mukaddes Ruh indi. Men gökde bir tagtyň duranyny, onuň üstünde-de Biriniň oturandygyny gördüm.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ