Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 7:8 - Mukaddes Kitap

8 Şahlara üns berip durkam, olaryň arasyndan ýene-de başga bir kiçijik şah peýda boldy. Öňki peýda bolan şahlardan üçüsi onuň öňünden köki-damary bilen sogruldy. Bu şahyň ynsanyň gözlerine meňzeş gözleri we tekepbirlik bilen gepleýän agzy bardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Шахлара үнс берип дуркам, оларың арасындан ене-де башга бир кичиҗик шах пейда болды. Өңки пейда болан шахлардан үчүси онуң өңүнден көки-дамары билен согрулды. Бу шахың ынсаның гөзлерине меңзеш гөзлери ве текепбирлик билен геплейән агзы барды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 7:8
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Haçana çenli janym gaýgy etmeli, ýüregim-de uzakly gün gussa çekmeli? Haçana çenli duşmanym üstün çykarka?


Bu patyşa öz islänini eder. Ol özüni beýgeldip, her bir hudaýdan özüni ýokary tutar. Hatda hudaýlaryň Hudaýyna garşy küpür geplär. Hudaýyň gazaply döwri tamamlanýança, patyşanyň işi rowaçlanar, çünki kabul edilen karar ýerine ýetmelidir.


Soňra men beýleki jandarlaryň ählisinden tapawutly, örän gorkunç, dişleri demirden, dyrnaklary bürünçden, çeýnäp parçalaýan, galan-gaçanlaryny bolsa aýaklary bilen mynjyradýan dördünji haýwan hakynda hakykaty bilmek isledim.


Bu adam hudaý diýip atlandyrylýan ýa sežde edilýän zatlaryň baryna garşy çykyp, özüni olardan ýokary tutar. Ol hatda Hudaýyň ybadathanasynda oturyp, özüni Hudaý diýip yglan eder.


Adamlar diňe özüni söýýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir, Hudaýa dil ýetirýän, ata-enesine boýun egmeýän, gadyr bilmez, adamlary sylamaýan,


Olar nädogry ýoldan ýaňy gaçyp gutulanlary boş we gopbamsy sözleri bilen haram keýpe hyjuwlandyryp, ynsan höwesleri bilen olary duzaga düşürýärler.


Olar hemme zatdan nägile bolup, zeýrenip ýörenlerdir. Diňe öz pis höweslerine eýerýändirler; gopbamsy gürläp, öz bähbidini arap, ikiýüzlülik edýändirler.


Aždarha deňziň kenarynda durdy. Şondan soň men deňizden bir jandaryň çykyp gelýänini gördüm. Onuň on şahy we ýedi kellesi bardy. Şahlarynyň hersine bir täç geýdirilgidi, kellelerinde Hudaýa dil ýetirýän atlar ýazylgydy.


Çekirtgeleriň görnüşi söweşe girjek bedewleriňkä meňzeýärdi. Olaryň başlarynda altyn täje meňzeş zat bardy, ýüzleri adamyňka meňzeýärdi.


Buýsançdan doly sözlerden el göter. Ulumsylyk bilen gep urma, çünki ähli iş Rebbe aýandyr. Hemmesine kazylyk edýän Şoldur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ