Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 7:7 - Mukaddes Kitap

7 Onsoň men gije şol görnüşimde gorkunç, aýylganç we gaty güýçli dördünji bir jandary gördüm. Onuň äpet uly demir dişleri bardy. Ol parçalap iýýärdi, galan-gaçanlaryny bolsa aýaklary bilen mynjyradýardy. Bu özünden öňki jandarlaryň hemmesinden tapawutlanýardy. Onuň on sany şahy bardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Онсоң мен гиҗе шол гөрнүшимде горкунч, айылганч ве гаты гүйчли дөрдүнҗи бир җандары гөрдүм. Онуң әпет улы демир дишлери барды. Ол парчалап иййәрди, галан-гачанларыны болса аяклары билен мынҗырадярды. Бу өзүнден өңки җандарларың хеммесинден тапавутланярды. Онуң он саны шахы барды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 7:7
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olary tozan dek edip ýençdim, köçeleriň palçygy kimin mynjyratdym.


Güýç onuň boýnundadyr, gorky onuň huzurynda tans edýär.


Görnüşde Hudaý meni Ysraýyl ýurduna getirip, bir belent dagyň üstünde goýdy. Günorta tarapda şähere meňzeş binalar bar ýalydy.


Soňra bu syr Danyýele gijeki görnüş arkaly aýan boldy. Danyýel Gögüň Hudaýyna alkyş aýtdy.


Gije şol görnüşimde ynsan ogluna meňzeş biriniň gögüň bulutlary bilen gelýändigini gördüm. Ol owaldan Bar Bolanyň ýanyna ýakynlaşyp, Onuň huzuryna getirildi.


Ol şeýle gürrüň berdi: «Men gije bir görnüş gördüm, ine, gögüň dört şemalynyň beýik deňze tarap tolkun atýandygyny gördüm.


Kiçijik şah ulalyp, asman jisimine çenli baryp ýetdi. Ol goşundan, ýagny ýyldyzlardan birnäçesini ýere taşlap depgiledi.


Ol şahyň döwlüp, ýerine dört şahyň çykmagy ol milletden dört patyşalygyň çykjakdygyny, ýöne olaryň ilkinji patyşalyk ýaly güýçli bolmajakdygyny aňladýar.


Soňra men seredip durkam, eli ölçeg ýüpli bir adamy gördüm.


Soňra asmanda başga bir alamat peýda boldy. Bu ýedi kelleli, on şahly, kellelerinde ýedi täji bolan äpet gyzyl aždarhady.


Aždarha deňziň kenarynda durdy. Şondan soň men deňizden bir jandaryň çykyp gelýänini gördüm. Onuň on şahy we ýedi kellesi bardy. Şahlarynyň hersine bir täç geýdirilgidi, kellelerinde Hudaýa dil ýetirýän atlar ýazylgydy.


Seniň gören on şahyň bolsa heniz patyşalyga ýetmedik on patyşadyr. Ýöne olar jandar bilen bile bir sagat patyşalyk etmäge ygtyýar alarlar.


Perişde maňa şeýle diýdi: «Näme geň galýarsyň? Aýalyň, onuň atlanyp barýan ýedi başly we on şahly jandarynyň syryny men saňa aýdaýyn.


Seniň gören jandaryň birwagtlar bardy, ýöne indi ýok. Emma soňra ol heläk bolmazyndan öň ölüler dünýäsinden çykar. Ýer ýüzüniň ilaty, ýagny dünýä ýaradylany bäri atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylmadyklar bu jandary görenlerinde haýran galarlar, sebäbi ol birwagtlar bardy, indi ýok, ýöne ýene geler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ