Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 7:4 - Mukaddes Kitap

4 Birinjisi ýolbarsa meňzeýärdi we onda bürgüdiň ganatlary bardy. Men seredip durkam, onuň ganatlary goparylyp, ýerden galdy-da, ynsan ýaly iki aýagynyň üstünde durdy. Oňa ynsan ýüregi berildi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Биринҗиси ёлбарса меңзейәрди ве онда бүргүдиң ганатлары барды. Мен середип дуркам, онуң ганатлары гопарылып, ерден галды-да, ынсан ялы ики аягының үстүнде дурды. Оңа ынсан йүреги берилди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 7:4
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Söýgülidi, ezizdi Şawul bilen Ýonatan. Dirilikde, ölümde olar jyda düşmedi. Çalasyndylar bürgütden, güýçlüdiler arslandan.


onda ynsan Hudaýyň gözüne gurçukça, adamzat-da gurtça görner!»


Galk Sen, ýa Reb, ynsan üstün çykmasyn, milletlere höküm çykarylsyn Seniň öňüňde.


Reb arslan deý süreninden çykdy. Onuň lowlaýan gazabyndan ýaňa, zalymlaryň gaharyndan ýaňa, olaň ýurdy harabalyga döndi».


Ine, duşman bulut kimin gelýär, söweş arabalary harasat kimindir. Onuň atlary bürgütden ýyldamdyr. Dat günümize, biz weýran bolduk!


Arslan süreninden çykdy, milletleri heläkleýji ýola düşdi. Ýurduňyzy weýran etmek üçin, Ol mekanyndan çykdy. Şäherleriňiz ýer bilen ýegsan bolup, ilatsyz haraba döner.


Reb şeýle diýýär: „Serediň! Duşman bürgüt kimin uçup, ganatlaryny Mowaba tarap ýaýýar.


Men arslan kimin Iordan jeňňelinden ýap-ýaşyl öri meýdana çykaryn. Edomlary duýdansyz ol meýdandan çykararyn. Öz saýlanymy üstlerinden baştutan bellärin. Çünki Maňa meňzeş kim bar? Menden hasabat sorajak kim? Garşyma çykjak çopan kim?


Bizi kowalaýanlar gökdäki bürgütlerden ýyldamdy. Olar daglarda bizi yzarladylar, çölde bizi peýläp ýatdylar.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Uly ganatly, uzyn ýelekli, dürli reňkli mymyk tüýlerden doly, äpet bürgüt Liwana gonup, kedr agajynyň depesini eýeledi.


«Eý, ynsan ogly! Sur hökümdaryna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Sen ýürekde gedemlik edip: ‘Men hudaýdyryn, men deňizler ummanynda, hudaýlaryň tagtynda oturýaryn’ diýdiň; ýüregiňi hudaýlaryň ýüregi kimin tutsaň-da, sen hudaý dälsiň, ynsansyň.


Sen özüňi öldürenleriň huzurynda-da: „Men hudaý“ diýersiňmi? Özüňi öldürenleriň elinde sen hudaý dälsiň, ynsansyň.


Ähli ýerde ýaşaýan ynsanlary, ýabany haýwanlary, gökdäki guşlary seniň ygtyýaryňa tabşyrdy. Olaryň hemmesiniň üstünden seni hökümdar goýdy. Sap altyndan bolan kelle bu sensiň!


Beýleki galan jandarlaryň hem ellerinden hökümdarlyk alyndy, emma olaryň ömürleriniň möhleti wagtlaýynça uzaldyldy.


Ikinji bir jandar peýda boldy. Ol aýa meňzeýärdi. Ol bir gapdalyna dikeldi. Onuň agzyndaky dişleriniň arasynda üç sany gapyrga süňki bardy. Oňa: „Hany, tur, köp et iý!“ diýdiler.


Garaguşlaryň üýşmegi maslygyň bardygynyň bir alamatydyr. Ynsan Ogly hem bir alamat bilen geler.


Reb uzak ýerden, ýeriň aňrujundan size olaryň diline düşünmeýän bir halkyňyzy getirer. Bu halk sizi bürgüt kimin ýuwudar.


Gören jandarym gaplaňa meňzeýärdi. Aýaklary aýynyň aýaklary ýaly, agzy bolsa arslanyň agzy ýalydy. Aždarha bu jandara öz güýjüni, tagtyny we uly ygtyýaryny berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ