Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 7:20 - Mukaddes Kitap

20 Onuň başyndaky on şahdan soňra çykan bir şahyň hem nämedigini bilesim geldi. Bu şahyň öňünde öňki üç şah ýykyldy. Bu şahyň gözleri we tekepbirlik bilen gepleýän agzy bardy, görnüşi beýlekilerden has uludy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Онуң башындакы он шахдан соңра чыкан бир шахың хем нәмедигини билесим гелди. Бу шахың өңүнде өңки үч шах йыкылды. Бу шахың гөзлери ве текепбирлик билен геплейән агзы барды, гөрнүши бейлекилерден хас улуды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 7:20
9 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şahyň agzyndan çykýan tekepbir sözler meniň ünsümi özüne çekdi. Bu jandar gözümiň alnynda öldürildi we maslygy ýok edilip, ýanyp duran oda taşlandy.


Soňra men beýleki jandarlaryň ählisinden tapawutly, örän gorkunç, dişleri demirden, dyrnaklary bürünçden, çeýnäp parçalaýan, galan-gaçanlaryny bolsa aýaklary bilen mynjyradýan dördünji haýwan hakynda hakykaty bilmek isledim.


Men seredip durkam, bu şah Hudaýyň mukaddes adamlary bilen uruş etdi we olardan üstün çykdy.


Meniň söhbetdeşim şeýle diýdi: «Dördünji jandar ýer ýüzünde dörejek dördünji patyşalykdyr. Ol ähli patyşalyklardan tapawutly bolup, tutuş ýer ýüzüni çeýnär, ony depeläp, bölek-bölek eder.


Onsoň men gije şol görnüşimde gorkunç, aýylganç we gaty güýçli dördünji bir jandary gördüm. Onuň äpet uly demir dişleri bardy. Ol parçalap iýýärdi, galan-gaçanlaryny bolsa aýaklary bilen mynjyradýardy. Bu özünden öňki jandarlaryň hemmesinden tapawutlanýardy. Onuň on sany şahy bardy.


Şahlara üns berip durkam, olaryň arasyndan ýene-de başga bir kiçijik şah peýda boldy. Öňki peýda bolan şahlardan üçüsi onuň öňünden köki-damary bilen sogruldy. Bu şahyň ynsanyň gözlerine meňzeş gözleri we tekepbirlik bilen gepleýän agzy bardy.


Soňra asmanda başga bir alamat peýda boldy. Bu ýedi kelleli, on şahly, kellelerinde ýedi täji bolan äpet gyzyl aždarhady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ