Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 7:2 - Mukaddes Kitap

2 Ol şeýle gürrüň berdi: «Men gije bir görnüş gördüm, ine, gögüň dört şemalynyň beýik deňze tarap tolkun atýandygyny gördüm.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Ол шейле гүррүң берди: «Мен гиҗе бир гөрнүш гөрдүм, ине, гөгүң дөрт шемалының бейик деңзе тарап толкун атяндыгыны гөрдүм.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 7:2
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Betbagtçylyk! Köp milletleriň güwwüldisi! Deňziň güwwüldisi deý güwleýär olar! Ah! Halklaryň güwwüldisi! Güýçli tolkunlar deý güwwüldeşýärler!


Asmanyň dört ujundan dört ýeli Eýlamyň başyndan inderip, olary bu ýelleriň çar tarapyna dargadaryn. Eýlamyň sürgün edilenleriniň aýak basmadyk ýurdy galmaz.


Babyly deňiz basdy; äpet tolkunlar ony büredi.


Ýöne ýaňy güýçlenip, aýaga galan mahaly, onuň patyşalygy dargadylyp, gögüň çar tarapyna bölüner. Patyşalyk onuň nesline geçmez, onuň ýerine patyşa bolanlaryň hiç biri onuň ýaly höküm sürmez. Onuň patyşalygy köki bilen sogrulyp, öz neslinden bolmadyk başga birilerine berler.


Soňra bu syr Danyýele gijeki görnüş arkaly aýan boldy. Danyýel Gögüň Hudaýyna alkyş aýtdy.


Gije şol görnüşimde ynsan ogluna meňzeş biriniň gögüň bulutlary bilen gelýändigini gördüm. Ol owaldan Bar Bolanyň ýanyna ýakynlaşyp, Onuň huzuryna getirildi.


Onsoň men gije şol görnüşimde gorkunç, aýylganç we gaty güýçli dördünji bir jandary gördüm. Onuň äpet uly demir dişleri bardy. Ol parçalap iýýärdi, galan-gaçanlaryny bolsa aýaklary bilen mynjyradýardy. Bu özünden öňki jandarlaryň hemmesinden tapawutlanýardy. Onuň on sany şahy bardy.


Görnüşde men özümi Eýlam welaýatyndaky Suza galasynda gördüm. Men özümiň Ulaý kanalynyň boýunda durandygymy gördüm.


Onsoň erkeç has güýçlendi, emma onuň güýji has beýgelende, onuň şol ýeke uly şahy döwüldi we onuň ýerine gögüň dört şemalyna garap duran dört sany göze ilginç şah peýda boldy.


Perişde: «Bular bütin ýer ýüzüniň Taňrysynyň huzuryndan çykýan gögüň dört ruhudyr.


Ol belent surnaý sesi bilen Öz perişdelerini ýollar. Perişdeler Onuň saýlanlaryny gögüň bir ujundan beýleki ujuna çenli, dünýäniň dört künjünden ýygnarlar.


Perişde maňa ýene şeýle diýdi: «Lolynyň hökmürowanlyk sürýän köp suwlary her milletden, her halkdan, her dilden bolan ägirt mähelläni aňladýandyr.


Şundan soň ýeriň dört burçunda duran dört perişdäni gördüm. Olar ýer ýüzüne, deňze ýa-da agaçlara öwüsmesin diýip, ýeriň dört tarapyndaky ýelleri saklap durdular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ