Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 7:18 - Mukaddes Kitap

18 Emma patyşalygy Beýik Hudaýyň mukaddes adamlary alarlar, olar patyşalyga hemişelik, ömürbaky we ebedilik eýelik ederler».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Эмма патышалыгы Бейик Худайың мукаддес адамлары аларлар, олар патышалыга хемишелик, өмүрбакы ве эбедилик эелик эдерлер».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 7:18
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen şüküri gurbanlyk ber Hudaýa, Beýik Hudaýa beren kasamlaryňy berjaý et.


Halklar ysraýyllary öz ýerlerine alyp gelerler. Ysraýyl halky Rebbiň beren ýurdunda başga halklary özlerine gul-gyrnak ederler; özlerini ýesir edenleri ýesir edip, özlerine zulum edenleriň üstünden agalyk sürerler.


Ähli halklar, milletler we uruglar oňa gulluk etsinler diýip, oňa hökümdarlyk, şöhrat we patyşalyk berildi. Onuň hökümdarlygy sowulmaz baky hökümdarlykdyr. Patyşalygy hiç wagt ýykylmajak patyşalykdyr».


«Bu dört uly jandar ýer ýüzünde dört patyşanyň aýaga galjagydyr.


Onsoň owaldan Bar Bolan gelip, Özüniň mukaddes adamlarynyň haýryna höküm çykardy. Beýik Hudaýyň mukaddes adamlary üçin patyşalygy eýelemegiň wagty geldi.


Ol Beýik Hudaýa garşy küpür geplär, Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryny ezer. Baýramçylyk senelerini we kanunyny üýtgetmäge dyrjaşar. Onsoň bular bir wagta, iki wagta, ýarym wagta çenli bu patyşanyň eline berler.


Patyşalyk, hökümdarlyk, tutuş gögüň astyndaky patyşalyklaryň beýikligi Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryna berler. Bu halkyň patyşalygy ebedi patyşalyk bolar. Ähli hökümdarlar bu halka gulluk edip, boýun egerler».


Ýöne Sion dagynda jezadan halas galanlar bolar we Sion dagy mukaddes bolar. Ýakubyň nesli öz mülküne gowşar.


Ol Ýakubyň nesliniň üstünden ebedilik şalyk sürer, patyşalygynyň soňy bolmaz» diýdi.


Siz Hudaýyň halkynyň bu dünýä kazylyk etjekdigini bilmeýärsiňizmi? Eger siz dünýä kazylyk etjek bolsaňyz, heý-de ownuk-uşak dawalary çözüp bilmersiňizmi?


Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Mesih arkaly bizi gökdäki ruhy ýalkanyşlaryň ählisi bilen ýalkady.


Sebäbi biziň söweşimiz ynsanlara garşy däldir! Tersine, biz tümlügiň ruhy hökümdarlaryna we erk-ygtyýarlylaryna, şeýle-de gökdäki ýowuz ruhy güýçlere garşy söweşýäris.


Onsoň men tagtlary, olaryň üstünde oturanlary gördüm. Olara kazylyk etmeklik ygtyýary berildi. Mundan başga-da, men Isa we Hudaýyň Hoş Habary hakda şaýatlyk edenleri üçin başlary kesilenleriň janlaryny gördüm. Olar jandara we onuň butuna sežde etmändiler, maňlaýyna ýa-da ellerine onuň tagmasyny basdyrmandylar. Olar direlip, Mesih bilen müň ýyl şalyk sürdüler.


Şäherde gije asla bolmaz. Ne çyranyň yşygy, ne-de günüň nury gerek bolar, sebäbi Reb Hudaý olara nur saçar. Olar ebedilik şalyk sürerler.


Men ýamanlykdan üstün gelip, Atam bilen Onuň tagtynda oturyşym ýaly, ýeňijä-de Meniň bilen Öz tagtymda oturmaga ygtyýar bererin.


Sen olardan şalyk ýaratdyň, Hudaýymyza hyzmat etmek üçin olary ruhany bellediň, olar ýer ýüzünde şalyk sürerler!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ