Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 7:1 - Mukaddes Kitap

1 Babyl patyşasy Belşasaryň şalygynyň birinji ýylynda Danyýel ýatyrka düýşünde görnüşler gördi. Soňra ol düýşüniň özenini ýazyp beýan etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Бабыл патышасы Белшасарың шалыгының биринҗи йылында Даныел ятырка дүйшүнде гөрнүшлер гөрди. Соңра ол дүйшүниң өзенини язып беян этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 7:1
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şu wakalardan soň Ybrama görnüş arkaly Rebbiň sözi aýan boldy. Reb oňa şu sözleri aýtdy: «Ybram, gorkma! Men seniň galkanyňdyryn, seniň sylagyň juda uly bolar».


Şol gije Hudaý Ysraýyla görnüp, oňa: «Ýakup! Ýakup!» diýdi. Ysraýyl Oňa: «Lepbeý!» diýip jogap berdi.


Gijeki görnüşlerden dörän pikirler içinde, ynsanlary agyr uky basýan mahalynda,


Indi git-de, muny ýasy daş bölegine ýaz, düýrlenen kagyza geçir. Bu geljekki günler üçin ebedi şaýat bolsun!


Reb maňa: «Bir uly tagta al-da, aýdyň görünýän harplar bilen onuň ýüzüne „Maher-şalal-haşbaz“ diýip ýaz.


Pygamber öz gören boş düýşlerini gürrüň beribersin, emma Meniň sözümi eşiden her kes sözümi hakyky beýan etsin. Heý-de, bugdaýy saman bilen deňäp bolarmy? Muny Reb aýdýandyr.


Ýurdunyň soňy gelýänçä, ähli milletler onuň özüne, ogluna we agtygyna gulluk ederler. Soňra bolsa, köp milletler we beýik patyşalar ony özlerine gul ederler.


Onsoň Ýermeýa başga bir düýrlenen kagyzy Neriýanyň ogly Baruk kätibe berdi. Baruk hem Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň oda ýakan kagyzynyň ähli sözlerini Ýermeýanyň dilinden oňa ýazdy. Bu düýrlenen kagyza başga-da köp pygamberlik sözleri ýazyldy.


Onsoň Ýermeýa Neriýanyň ogly Barugy çagyrdy. Baruk hem Rebbiň Ýermeýa aýdan ähli sözlerini onuň dilinden bir kagyza ýazdy.


Kebar kanalynyň ýakasynda sürgün edilenleriň arasyndakam, gökler açyldy we men Hudaýdan gelen görnüşleri gördüm. Bu sürgünde bolýan wagtymyzyň otuzynjy ýylynyň dördünji aýynyň bäşine boldy.


Görnüşde Hudaý meni Ysraýyl ýurduna getirip, bir belent dagyň üstünde goýdy. Günorta tarapda şähere meňzeş binalar bar ýalydy.


Hudaý bu dört ýigide edebiýatyň we ylmyň her bir ugruny öwrenmäge bilim bilen ukyp berdi. Danyýel her bir görlen düýşi we görnüşleri ýorup bilýärdi.


Nebukadnesar özüniň patyşalygynyň ikinji ýylynda bir düýş gördi. Muňa onuň ýüregi howsala düşüp, ukusy gaçdy.


Patyşa Belteşasar diýlip atlandyrylan Danyýelden: «Sen maňa nähili düýş görenimi aýdyp, ony ýorup bilersiňmi?» diýip sorady.


Onuň ynsan ýüregi alnyp, deregine haýwan ýüregi berilsin. Onuň üstünden ýedi pasyl aýlansyn.


Ahyry meniň hudaýymyň adyna görä Belteşasar diýlip atlandyrylan, mukaddes hudaýlaryň ruhy bilen doldurylan Danyýel huzuryma geldi. Men oňa düýşümi gürrüň berdim:


Belşasar şalyk tagtyna çykandan soň, töreleriniň müňüsi üçin uly meýlis gurady we olar bilen bile şerap içdi.


Emma sen, onuň ogly Belşasar, bularyň baryny bilip durkaňam ýüregiňi pespäl tutmadyň!


Babyl patyşasy Belşasar şol gije öldürildi.


Gije şol görnüşimde ynsan ogluna meňzeş biriniň gögüň bulutlary bilen gelýändigini gördüm. Ol owaldan Bar Bolanyň ýanyna ýakynlaşyp, Onuň huzuryna getirildi.


Gören görnüşlerim men Danyýeli böwrüme pyçak sanjylan ýaly howsala saldy.


Onsoň men gije şol görnüşimde gorkunç, aýylganç we gaty güýçli dördünji bir jandary gördüm. Onuň äpet uly demir dişleri bardy. Ol parçalap iýýärdi, galan-gaçanlaryny bolsa aýaklary bilen mynjyradýardy. Bu özünden öňki jandarlaryň hemmesinden tapawutlanýardy. Onuň on sany şahy bardy.


Patyşa Belşasaryň patyşalygynyň üçünji ýylynda men Danyýel öňki görenimden başga ýene bir görnüş gördüm.


«Şondan soň Men her bir ynsan üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, düýşler görer garrylaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz.


Hakykatdan-da Hökmürowan Reb syryny gullary pygamberlere aýan etmezden hiç zat etmez.


Reb maňa şeýle jogap berdi: «Aýanlygy ýaz, habarçy bir nazarda okar ýaly, ony düşnükli hem aýdyň edip ýaz.


Reb olara şeýle diýdi: «Meniň sözlerime gulak salyň: „Eger araňyzda pygamberler bar bolsa, Men-Reb görnüşlerde Özümi aýan edip, Olar bilen düýşde gepleşýärin.


Mukaddes Ýazgylarda ýazylanlaryň bary bize taglym öwretmek üçin ýazylandyr. Biz Mukaddes Ýazgylar arkaly sabyr-takatly bolmagy öwrenýäris, olaryň berýän tesellisi arkaly umytlydyrys.


Hiç peýdasy bolmasa-da, magtanmagymy dowam etdirmeli bolýaryn. Indi Rebden gelen görnüşlere we aýanlyklara geçeýin.


Ozalky, şu wagt görýänleriňi we mundan beýläk görjek zatlaryňyň baryny ýaz.


Bu ýedi gök gürrüldisi gürlände, men ýazmaga taýýarlandym. Ýöne gökden: «Ýedi gök gürrüldisiniň aýdanlaryny ýazma, ýöne möhürle! Goý, olar gizlin galsyn!» diýen bir ses eşitdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ