Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 6:4 - Mukaddes Kitap

4 Şeýlelikde, wezirler we häkimler patyşalyk işlerinde Danyýeliň üstünden arz eder ýaly bahana gözlemäge başladylar. Emma olar arz eder ýaly ondan hiç hili ýazyk tapmadylar, çünki Danyýel wepalydy. Ondan hiç hili ýalňyşlyk ýa ýazyk tapylmady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Шейлеликде, везирлер ве хәкимлер патышалык ишлеринде Даныелиң үстүнден арз эдер ялы бахана гөзлемәге башладылар. Эмма олар арз эдер ялы ондан хич хили язык тапмадылар, чүнки Даныел вепалыды. Ондан хич хили ялңышлык я язык тапылмады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 6:4
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Faraon öz emeldarlaryna: «Biz Ýusupdan başga Hudaýyň Ruhy bolan adamy tapyp bilmeris» diýdi.


Doganlar gorkdular, çünki olar Ýusubyň öýüne getirildiler. Olar: «Muny geçen gezekki çuwallarymyzda yzyna gaýtarylan pul sebäpli, darap, bizi tutup gul edip, elimizden eşeklerimizi almak üçin edýändir» diýdiler.


Adalatsyz adam dogruçyllara ýigrenjidir, dogry adam hem erbetlere ýigrenjidir.


Men ýene-de bir adamyň bar çeken zähmetiniň, ussatlyk bilen eden ähli işleriniň goňşusyna bolan göriplik zerarly edilendigini gördüm. Bu-da biderek, salgyma çapmak.


Şonda halk: «Geliň, Ýermeýa garşy dil düwşeliň. Ruhanylaryň öwretjek kanuny-da, akyldarlaryň berjek maslahaty-da, pygamberleriň aýan etjek sözi-de ýeterlik ahyryn. Geliň, oňa dilimiz bilen hüjüm edeliň, hiç bir sözüne gulak asmalyň» diýdi.


Ýa Reb, Sen meni öldürmek üçin edilen bu dildüwşükleriň baryny bilýänsiň. Olaryň ýazygyny bagyşlama, günälerini nazaryňdan düşürme. Goý, olar huzuryňda ýykylsynlar, olara garşy gazabyňda hereket et.


Men: «Ähli tarapdan howp abanýar! Üstünden arz ediň! Bizem arz edeliň!» diýen pyşyrdylary eşitdim. Ähli ýakyn dostlarym büdremegime göz dikip: «Belki, aldanar, şonda ýeňeris ony, ondan alarys arymyzy» diýýärler.


Sizi ýesir edip getiren şäherimiň parahatlygyny gazanmaklyga çalşyň. Ol şäher üçin Rebbe dileg ediň, çünki siziň parahatlygyňyz onuň parahatlygyna baglydyr“.


Edil şol wagt babyllylardan käbirleri patyşanyň huzuryna gelip, ýahudylary ýamanladylar.


Patyşanyň Belteşasar diýip at beren bu Danyýeline düýşleri ýormakda, tapmaçalary bilmekde, kyn ýagdaýdan çykalga tapmakda ýiti aň, bilim we düşünje berlipdir. Indi Danyýeli çagyrt, bu ýazgynyň manysyny saňa ol aýdyp berer».


Meniň Hudaýym perişdesini iberip, ýolbarslaryň agzyny baglady. Olar maňa zeper ýetirmediler, çünki Hudaýyň huzurynda men bigünä saýyldym. Seniň öňüňde hem, eý, şahym, men hiç bir şer iş eden däldirin».


Isany hile bilen tutup öldürmek barada maslahat geçirdiler.


Ol ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulularyň Isany göripçilikden tabşyrandyklaryny bilýärdi.


Isany göz astyna alyp, Ony aňtamak üçin, birnäçe dogruçylsumagy Onuň yzyna saldylar. Olar Isany gepde tutup, Ony häkimiň hökümine we ygtyýaryna tabşyrmak maksatlary bardy.


Olar halkyň ýanynda Ony sözünde tutup bilmän, beren jogabyna haýran galyp, seslerini çykarmadylar.


Ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary Isany öldürmegiň ýoluny agtarýardylar, emma halkdan gorkýardylar.


Pilat ýene daşary çykyp, ýahudylara: «Ine, Ony siziň öňüňize getirýärin. Ondan hiç bir aýyp tapmandygymy bilip goýuň» diýdi.


Men mundan beýläk-de häzirki edýänlerimi dowam ederin. Sebäbi men özlerini biz bilen des-deň işleýändir öýdüp, magtanmaga pursat agtarýanlara tutaryk bermerin.


Şonda siz egri we azgyn nesliň arasynda edil älemdäki ýyldyzlar dek parlaýan, Hudaýyň aýypsyz, päk we müýnsüz çagalary bolarsyňyz.


Şonuň üçin-de, men ýaş dul aýallaryň durmuşa çykyp, çaga dogurmaklaryny we öý işlerine gümra bolmaklaryny ündeýärin. Şonda duşmanlarymyzyň olara myjabat atmaga tutarygy bolmaz.


sözleriň müýnsüz we şübhesiz bolsun. Şonda bize garşy çykýanlar ýamanlamaga gep tapman, utanja galarlar.


Imansyzlaryň arasynda hiç hili müýnsüz ýaşaň. Şonda olar sizi nädogry iş etmekde aýyplasalar-da, dogry işleriňizi görüp, Hudaýyň geljek güni Ony şöhratlandyrarlar.


Muny mylaýymlyk we edeplilik bilen berjaý ediň. Wyždanyňyzy arassa saklaň, şonda siziň Mesihe degişli dogry ýaşaýşyňyz barada gybat edenler sizi ýamanlap aýdan geplerinden utanarlar.


Bu işiň Reb tarapyndan bolýandygyny, piliştlileriň garşysyna çykmak üçin, Onuň amatly pursady gözleýändigini Şimşonyň ejesi bilen kakasy bilmeýärdi. Şol wagtlar ysraýyllaryň üstünden piliştliler höküm sürýärdi.


Olar: «Sen bize al hem salmadyň, bizi ezmediňem, hiç zadymyza el-de urmadyň» diýdiler.


Dawudyň hemişe işi rowaçdy, çünki Reb onuň bilendi.


Ahymelek Şawula şeýle jogap berdi: «Dawut seniň nökerleriňiň iň wepalysy ahyryn. Ol seniň giýewiň, baş janpenaň hem-de seniň köşgüňde iň hormatly adamdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ