Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 6:3 - Mukaddes Kitap

3 Özüniň ýiti zehini bilen Danyýel derrew beýleki wezirleriň we häkimleriň ählisinden tapawutlandy. Patyşa ony tutuş patyşalygyň üstünden garaýan edip bellemegiň niýetindedi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Өзүниң йити зехини билен Даныел деррев бейлеки везирлериң ве хәкимлериң әхлисинден тапавутланды. Патыша оны тутуш патышалыгың үстүнден гараян эдип беллемегиң ниетиндеди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 6:3
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýöne bu işde seresap boluň, harsallyk etmäň, patyşalyga zyýan getirjek ýagdaý döremesin».


Onsoň men doganym Hanany bilen galanyň serkerdesi Hananýany Iýerusalime häkim edip belledim. Çünki ol ynamdar adam bolup, köplere garanda, Hudaýdan has gaty gorkýardy.


Çünki Mordekaý ýahudy wezipesine görä, Kserks patyşadan soň ikinji beýik adamdy. Onuň ýahudylaryň arasyndaky abraýy uludy we ol öz ýahudy doganlarynyň köpüsi tarapyndan sylanylýardy, çünki ol öz halkynyň abadançylygy ugrunda göreşip, tutuş halkyna parahatçylyk getiren adamdy.


Sözüni jylawlaýan bilimlidir, düşünjeli adam bolsa mylaýym ruhludyr.


Işine ökde adamlary görýäňmi? Olar garamaýagyň hyzmatyny etmez, patyşalaryň huzurynda durar.


Ýagtylygyň garaňkylykdan bähbitli bolşy kimin, akyldarlygyň hem akmaklykdan bähbitlidigini bildim.


Patyşanyň Belteşasar diýip at beren bu Danyýeline düýşleri ýormakda, tapmaçalary bilmekde, kyn ýagdaýdan çykalga tapmakda ýiti aň, bilim we düşünje berlipdir. Indi Danyýeli çagyrt, bu ýazgynyň manysyny saňa ol aýdyp berer».


Men sende hudaýlaryň ruhunyň bardygyny, saňa ýiti aň, düşünje we beýik paýhaslylyk berlendigini eşitdim.


Patyşa: «Palçylary, müneçjimleri we bilgiçleri getiriň» diýip, batly ses bilen gygyrdy. Ol Babyl akyldarlaryna ýüzlenip: «Kimde-kim şu ýazgyny okap, onuň manysyny düşündirip berse, gyrmyzy don ýapylyp, onuň boýnuna altyn zynjyr dakylar we patyşalykda ol meniň sag elim bolar» diýdi.


Seniň nalyşyňyň ilki başynda şeýle buýruk çykdy. Men hem ony saňa aýan etmäge geldim, çünki sen juda söýülýänsiň. Indi bolsa buýruga gulak goý we bu görnüşe düşün:


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ