Ýöne Musanyň Töwratda berlen tabşyryklaryny berjaý edip, Amazýa kakasyny öldüren hyzmatkärleriň ogullaryny öldürmedi, çünki Reb şol kitapda: «Atalar ogullary üçin ölüme höküm edilmesin. Ogullar hem atalary üçin ölüme höküm edilmesin. Her kim diňe öz eden jenaýatyna görä ölüme höküm edilsin» diýip tabşyryk beripdi.