Men patyşa şeýle jogap berdim: «Patyşa uzak ýaşasyn! Atalarymyň mazarlary ýatan şäheri haraba öwrülip, derwezeleri oda ýanypdyr, onsoň nädip meniň ýüzüm salyk bolmasyn?»
Müneçjimler arameý dilinde patyşa ýüzlenip: «Patyşa baky ýaşasyn! Gören düýşüňizi öz gullaryňa aýt, biz onuň näme aňladýandygyny ýorup bereli» diýdiler.
Onsoň Nebukadnesar ýanyp duran küräniň agzyna golaý baryp: «Eý, Beýik Hudaýyň sadyk gullary Şadrak, Meýşak we Abednego, daşary çykyň! Bäri geliň!» diýdi. Şeýdip, Şadrak, Meýşak we Abednego oduň içinden çykdylar.