Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 6:2 - Mukaddes Kitap

2 Bu häkimleriň hem üstünden sereder ýaly üç sany wezir goýdy. Patyşany alada goýmaz ýaly häkimler bu wezirlere hasabat bermelidiler. Üç weziriň biri hem Danyýeldi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Бу хәкимлериң хем үстүнден середер ялы үч саны везир гойды. Патышаны алада гоймаз ялы хәкимлер бу везирлере хасабат бермелидилер. Үч везириң бири хем Даныелди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 6:2
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýöne bu işde seresap boluň, harsallyk etmäň, patyşalyga zyýan getirjek ýagdaý döremesin».


Çünki men we meniň halkym gyrlyp, bütinleý ýok edilmek üçin satyldyk. Eger biz diňe bir gul-gyrnak edilmek üçin satylan bolsadyk, onda men sesimi çykarmazdym, çünki gam-gussamyz bilen patyşany biynjalyk edip bolmaz».


Akmagyň üsti bilen habar ýollaýan özüne zyýan eder hem azap çeker.


Uzak ömür onuň sag elinde, baýlyk hem şöhrat sol elinde.


Ýöne seniň düýşleri ýorup, kyn meseleleri çözüp bilýändigiňi eşitdim. Indi sen bu ýazgyny okap, onuň manysyny maňa düşündirip berseň, saňa gyrmyzy don ýapylar, boýnuňa altyn zynjyr dakylyp, patyşalykda meniň sag elim bolarsyň».


Şundan soň Belşasaryň buýrugy boýunça Danyýele gyrmyzy don ýapdylar, boýnuna altyn zynjyr dakdylar we ony patyşanyň sag eli diýip jar etdiler.


Patyşa: «Palçylary, müneçjimleri we bilgiçleri getiriň» diýip, batly ses bilen gygyrdy. Ol Babyl akyldarlaryna ýüzlenip: «Kimde-kim şu ýazgyny okap, onuň manysyny düşündirip berse, gyrmyzy don ýapylyp, onuň boýnuna altyn zynjyr dakylar we patyşalykda ol meniň sag elim bolar» diýdi.


Darýuş öz patyşalygynyň üstünden ýüz ýigrimi sany häkim bellemegi makul bildi. Olar tutuş patyşalygyň üstünden garamalydylar.


«Şonuň üçin hem Gögüň Şalygy öz dolandyryjysy bilen hasaplaşmak islän bir patyşa meňzeýär.


Baý ony ýanyna çagyryp: „Sen hakda eşidýän zatlarym näme? Iş dolandyryşyň babatda hasabat ber, sebäbi sen mundan beýläk meniň iş dolandyryjym bolup bilmersiň“ diýýär.


Şeýle hyzmatçylardan bolsa sadyklyk talap edilýändir.


Şonuň üçin hem Ysraýyl Hudaýy Reb şuny aýdýar: „Seniň öz nesliň-de, ata-babaňyň nesli-de hemişelik Meniň huzurymda gezer diýip, Men öň söz beripdim. Emma indi Men-Reb muny aýdýandyryn: gaýtmyşym bolsun, çünki Men Özümi sylany sylaryn, äsgermezlik edeni bolsa ryswa ederin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ