Pars patyşasy Kureş şeýle diýýär: «Gögüň Hudaýy Reb ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary maňa berdi we Ýahudanyň Iýerusalim şäherinde Özüne ybadathana gurmagy maňa emr etdi. Araňyzda Hudaýyň halkyndan bolanyňyz bar bolsa, ýurduňyza dolanyň. Hudaýyňyz Reb size ýar bolsun!»
Bir gorkunç görnüş aýan boldy, haýyn haýynlyk edýär, talaňçy talaýar. Hüjüm et, eý, Eýlam! Gaba, eý, Madaý! Babyl sebäpli bolan nalyşlaryň soňuna çykaryn.
Munuň üçin başyňa bela geler, jadygöýlik bilen halas edip bilmersiň; başyňa betbagtçylyk iner, öňüni alyp bilmersiň sen onuň; duýdansyz üstüňe geler oslamaýan weýrançylygyň.
Onuň garşysyna aýdan ähli sözlerimi, Ýermeýanyň ähli milletler barada eden pygamberligini, bu kitapda ýazylan zatlaryň baryny ol ýurduň başyna getirerin.
Seniň patyşalygyňdan soňra seniňkiden pes bolan başga bir patyşalyk peýda bolar. Soňra tutuş ýer ýüzüne hökümdarlyk etjek üçünji bir bürünç patyşalyk geler.