Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 5:2 - Mukaddes Kitap

2 Belşasar şerapdan keýplenip, atasy Nebukadnesaryň Iýerusalimdäki ybadathanadan alyp gaýdan altyn we kümüş gap-gaçlaryny getirmekligi buýurdy. Patyşa, onuň töreleri, aýallary we gyrnaklary şeraby şolara guýup içmekçidiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Белшасар шерапдан кейпленип, атасы Небукаднесарың Иерусалимдәки ыбадатханадан алып гайдан алтын ве күмүш гап-гачларыны гетирмеклиги буюрды. Патыша, онуң төрелери, аяллары ве гырнаклары шерабы шолара гуюп ичмекчидилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 5:2
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut oňa: «Gorkma, kakaň Ýonatanyň hatyrasyna men saňa ýagşylyk etjek. Ataň Şawulyň ähli ýerlerini saňa gaýtaryp berjek. Sen hemişe meniň saçagymdan naharlanarsyň» diýdi.


Rebbiň aýdyşy ýaly, Babyl patyşasy Rebbiň öýündäki we patyşanyň öýündäki hazynalaryň baryny alyp gitdi. Ol Ysraýyl patyşasy Süleýmanyň Rebbiň öýünde ýasan ähli altyn gap-gaçlaryny kül-peýekun etdi.


Janpenalaryň baştutany bulardan başga-da maňňallary we legenleri alyp gitdi. Ol altyndan ýasalan zatlary altyny üçin, kümüşden ýasalan zatlary hem kümşi üçin alyp gitdi.


Mahalatdan soň Rehabgam Abyşalomyň gyzy Magaka öýlendi. Magaka oňa: Abyýa, Ataý, Ziza we Şelomyt atly ogullary dogrup berdi.


Asa patyşa hatda ejesi Magakany melikelikden boşatdy, çünki ol Aşera üçin ýigrenji but ýasapdy. Asa Aşera butuny kesip, parçalap, Kidron deresinde ýakdy.


Baharda patyşa Nebukadnesar adam iberip, Ýehoýakyny Rebbiň öýüniň gymmatbaha gap-gaçlary bilen birlikde Babyla getirdip, onuň dogany Sidkiýany Ýahuda we Iýerusalime patyşa etdi.


Nebukadnesar Hudaýyň öýündäki ähli ululy-kiçili gap-gaçlary, Rebbiň öýündäki hazynalary, patyşanyň we onuň emeldarlarynyň hazynalaryny Babyla alyp gitdi.


Iýerusalimdäki Hudaýyň öýünden – ybadathanasyndan Nebukadnesar tarapyndan alnan we Babyl buthanasyna getirilip goýlan altyn, kümüş gap-gaçlary Kureş patyşa Babyl buthanasyndan çykartdy. Ol zatlar Şeşbasar atly bir adama gowşuryldy. Ony Kureş patyşanyň özi häkim belläpdi.


Ýurdunyň soňy gelýänçä, ähli milletler onuň özüne, ogluna we agtygyna gulluk ederler. Soňra bolsa, köp milletler we beýik patyşalar ony özlerine gul ederler.


«Babyllylara garşy gylyç insin! Babyl ilatyna, ýolbaşçylarydyr akyldarlaryna garşy gylyç insin! Muny Reb aýdýandyr.


Janpenalaryň baştutany bulardan başga-da okaralary, maňňallary, legenleri, gazanlary, çyradanlary, gaplary, käseleri alyp gitdi. Ol altyndan ýasalan zatlary altyny üçin, kümüşden ýasalan zatlary hem kümşi üçin alyp gitdi.


Taňry Ýahudanyň patyşasy Ýehoýakymy hem-de Hudaýyň ybadathanasyndaky gap-gaçlaryň bir bölegini onuň golastyna berdi. Nebukadnesar ol zatlary Şingara getirdi. Ol Hudaýyň ybadathanasyndan getirilen gap-gaçlary öz hudaýlarynyň buthanasyndaky gaznasynda goýdy.


Seniň patyşalygyňda mukaddes hudaýlaryň ruhy bilen doldurylan bir adam bar. Ataňyň döwründe ol nuranalygy, düşünjeliligi, hudaýlar ýaly paýhaslylygy bilen özüni tanatdyrdy. Ataň Nebukadnesar patyşa ony jadygöýleriň, palçylaryň, müneçjimleriň we bilgiçleriň üstünden baştutan edip goýdy.


Şondan soň Danyýeli patyşanyň huzuryna getirdiler. Patyşa Danyýele şeýle diýdi: «Patyşa atamyň Ýahudadan ýesir edip getiren Danyýeli senmi?


Eý, patyşa, Beýik Hudaý seniň ataň Nebukadnesara patyşalyk, beýiklik, şan-şöhrat we hormat berdi.


Gaýtam, özüňi gögüň Taňrysyna garşy goýup, tekepbirlik etdiň. Onuň ybadathanasynyň gap-gaçlaryny seniň huzuryňa getirdiler. Seniň özüň, töreleriň, aýallaryň we gyrnaklaryň olara şerap guýup içdiňiz. Görmeýän, eşitmeýän we bilmeýän, kümüşden, altyndan, bürünçden, demirden, agaçdan, daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladyňyz. Emma janyňyzy Öz elinde saklaýan we ähli ýollaryňyza göz-gulak bolýan Hudaýy şöhratlandyrmadyňyz.


Şeýdip, Iýerusalimdäki ybadathanadan Hudaýyň öýünden alnyp gaýdylan altyn gap-gaçlary getirdiler. Patyşa, onuň töreleri, aýallary we gyrnaklary şeraby şolara guýup içdiler.


Babyl patyşasy Belşasar şol gije öldürildi.


Olar şerap içip, altyndan, kümüşden, bürünçden, demirden, agaçdan we daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladylar.


Onuň sadakalary şulardan ybaratdy: Mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen agramy üç ýüz elli mysgal bolan kümüş tabak, agramy ýüz elli mysgal bolan kümüş legen. Olaryň ikisem galla sadakasy üçin zeýtun ýagy bilen garylan saýlama bugdaý unundan doludy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ