Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 5:19 - Mukaddes Kitap

19 Hudaýyň oňa beren beýikliginden ýaňa ähli halklar, milletler we uruglar ondan gorkup sandyraşýardylar. Ol islän adamyny öldürip, islän kişisini-de diri goýýardy. Halanyny beýgeldip, halanyny-da peseldýärdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Худайың оңа берен бейиклигинден яңа әхли халклар, миллетлер ве уруглар ондан горкуп сандырашярдылар. Ол ислән адамыны өлдүрип, ислән кишисини-де дири гойярды. Халаныны бейгелдип, халаныны-да песелдйәрди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 5:19
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol Ýehoýakyn bilen mähirli bolup, tagtyny özi bilen Babyla sürgün edilen başga patyşalaryň tagtlaryndan ýokarda goýdy.


Patyşanyň gazaby ölüm çaparydyr, ýöne parasatly adam ony köşeşdirýär.


Patyşanyň huzuryndan çykmaga howlukma, ýaman işiň tarapdary bolma, çünki patyşa islän zadyny edýändir.


Şonuň üçin Men ony milletleriň hökümdarynyň eline berdim, oňa öz erbetligine laýyk daraşdylar. Men ondan ýüz öwürdim,


Bu goşun ele düşensoň, günorta patyşasynyň ýüregi galkynar. Ýöne ol on müňlerçe adamy öldürse-de, onuň ýeňşi uzaga çekmez.


Demirgazyk patyşasy özüne garşy çykana islän zadyny eder, hiç kim onuň öňünde durup bilmez. Ol owadan ýurtda özüni berkarar eder we weýran ediş ygtyýaryna eýe bolar.


Soňra güýçli bir patyşa çykar. Ol beýik patyşalygy bilen höküm sürüp, öz islänini eder.


Bu patyşa öz islänini eder. Ol özüni beýgeldip, her bir hudaýdan özüni ýokary tutar. Hatda hudaýlaryň Hudaýyna garşy küpür geplär. Hudaýyň gazaply döwri tamamlanýança, patyşanyň işi rowaçlanar, çünki kabul edilen karar ýerine ýetmelidir.


Şonuň üçin hem men perman çykarýaryn: Şadragyň, Meýşagyň we Abednegonyň Hudaýyna garşy küpür geplän her bir halkyň, milletiň ýa-da urugyň el-aýagy çapylyp, öý-öwzary weýran ediljekdir. Çünki şunuň ýaly halas edip biljek başga hiç bir hudaý ýokdur».


jarçy batly ses bilen şuny yglan etdi: «Eý, halklar, milletler, uruglar! Size şeýle buýruk berilýär:


Ýere ýüzin düşüp sežde etmedik adam duran ýerinde ýanyp duran kürä taşlanjakdyr».


Seniň gören bu agajyň, ýagny belent we güýçli, boýy asmana ýetip duran, dünýäniň çar künjünden hem görnüp duran,


eý, patyşa, bu agaç sensiň! Sen ulalyp güýçlendiň. Beýikligiň gitdigiçe ösüp, göge ýetdi, hökümdarlygyň dünýäniň çar künjegine ýaýrady.


Sen ynsanlar arasyndan kowlup, ýabany haýwanlar bilen ýaşarsyň. Öküz ýaly ot iýersiň, gögüň çygy bilen ýuwnarsyň. Ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaýyň höküm sürýändigine we ony Özüniň islän adamyna berýändigine düşünýänçäň, seniň üstüňden ýedi pasyl aýlanar.


Baýlyk aldawçydyr. Baýlar tekepbirdirler, olarda ynjalyk bolmaz, ölüler dünýäsi ýaly açgözdirler, doýmazlar asla ölüm ýaly. Ähli milletleri ýanlaryna toplap, ähli halklary basyp alýarlar olar.


Isa oňa: «Eger saňa ýokardan berilmedik bolsady, Meniň üstümden hiç hili ygtyýaryň bolmazdy. Şonuň üçin hem, Meni tutup, seniň eliňe bereniň günäsi has-da agyrdyr» diýip jogap berdi.


Her bir ynsan öz üstünden höküm sürýän häkimiýete tabyn bolsun, sebäbi Hudaý tarapyndan bolmadyk häkimiýet ýokdur. Höküm sürýän häkimiýetler Hudaý tarapyndan bellenendir.


Olar täze bir aýdym aýdýardylar: Sen mynasypsyň bu kagyzy almaga, hem-de onuň möhürlerini döwmäge. Çünki Sen damagyň çalnyp, Öz ganyň bilen, her tireden, her dilden, her halkdan hem-de milletden Hudaý üçin adamlary satyn alansyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ