Bu syryň açylmagy üçin Gögüň Hudaýyndan rehim-şepagat sorap dileg etmeklerini Danyýel olardan haýyş etdi. Şonda Danyýel we onuň ýoldaşlary Babylyň akyldarlary bilen birlikde heläk boljak däldiler.
Ine, men Nebukadnesaryň gören düýşi şudur! Eý, Belteşasar, indi munuň ýorgudyny maňa aýan et, çünki patyşalygymdaky akyldarlaryň hiç biri bu düýşi ýorup bilmedi. Ýöne sen başararsyň, çünki sen mukaddes hudaýlaryň ruhy bilen doldurylansyň».
Bellenen möhlet dolanda, men Nebukadnesar gözlerimi göge dikdim we akylyma geldim. Men Beýik Hudaýa alkyş aýtdym. Baky Ýaşaýany şöhratlandyrdym, hormatladym. Onuň hökümdarlygy ebedi hökümdarlykdyr. Patyşalygy nesilden-nesle dowam eder.
Ol ynsanlar arasyndan kowuldy, aňy haýwan aňyna öwrüldi. Ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaýyň höküm sürýändigine we patyşalygy Özüniň islän adamyna berýändigine düşünýänçä, ol ýabany eşekler bilen ýaşady, öküzler ýaly ot iýdi, endamy gögüň çygy bilen ýuwuldy.