Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 4:22 - Mukaddes Kitap

22 Sen ynsanlar arasyndan kowlup, ýabany haýwanlar bilen ýaşarsyň. Öküz ýaly ot iýersiň, gögüň çygy bilen ýuwnarsyň. Ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaýyň höküm sürýändigine we ony Özüniň islän adamyna berýändigine düşünýänçäň, seniň üstüňden ýedi pasyl aýlanar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Сен ынсанлар арасындан ковлуп, ябаны хайванлар билен яшарсың. Өкүз ялы от иерсиң, гөгүң чыгы билен ювнарсың. Ынсан патышалыгының үстүнден Бейик Худайың хөкүм сүрйәндигине ве оны Өзүниң ислән адамына берйәндигине дүшүнйәнчәң, сениң үстүңден еди пасыл айланар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 4:22
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra olar: «Ýer ýüzüne dagaman, özümizden bir at galdyrarymyz ýaly, geliň, bir gala we depesi göge ýetip duran minara guralyň» diýişdiler.


Ýakup düýşünde ýerden asmana uzalyp gidýän basgançaklary gördi. Hudaýyň perişdeleri şol basgançaklardan ýokary çykyp, aşak düşüp ýörmüşler.


Natan Dawuda şeýle diýdi: «Şol adam – sen! Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Seni Ysraýyla patyşalyga saýlanam, Şawulyň elinden halas edenem Men.


Emma Rebbiň bir pygamberi bardy, onuň ady Odetdi. Odet Samariýa gelen goşunyň ýanyna gelip, olara şeýle diýdi: «Ata-babalaryňyzyň Hudaýy Reb Ýahuda gazaplanany üçin olary siziň eliňize berdi. Emma siz göge ýeten gazap bilen olary öldürdiňiz.


Men olar üçin doga-dileg edýärin, olar bolsa söýgime derek meni ýazgarýar.


Ýoluňy Rebbe tabşyr, Oňa bil bagla, şonda Ol saňa hemaýat berer.


„Men dünýäni, ýer ýüzünde ýaşaýan ynsanlardyr haýwanlary beýik gudratym hem güýjüm bilen ýaratdym. Olary göwnümiň islän kişisine bererin.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Uly ganatly, uzyn ýelekli, dürli reňkli mymyk tüýlerden doly, äpet bürgüt Liwana gonup, kedr agajynyň depesini eýeledi.


Döwri we pasyllary üýtgedýän Oldur. Patyşalary tagtdan agdaryp, tagta çykarýar. Ol akyldara pähim-paýhas, düşünjelä bilim berýär.


Ol batly ses bilen gygyryp, şeýle diýdi: „Agajy kesiň, şahalaryny döwüň, ýapraklaryny ýoluň, miwesini pytradyň. Goý, haýwanlar onuň aşagyndan gaçsynlar, guşlar onuň şahasyndan uçsunlar.


Eý, patyşahym, düýşüň ýorgudy şudur: Beýik Hudaýyň emr eden hökümi geljekde seniň başyňdan iner.


Sen ynsanlar arasyndan kowlup, ýabany haýwanlar bilen ýaşarsyň. Öküzler ýaly ot iýersiň. Ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaýyň höküm sürýändigine we ony Özüniň islän adamyna berýändigine düşünýänçäň, seniň üstüňden ýedi pasyl aýlanar».


Ol muny Ýahýaňyň özüne: «Seniň öz doganyňyň aýalyna öýlenmegiň dogry däl» diýeni üçin etdi.


Çünki onuň günäleri beýgelip göge ýetdi, Hudaý onuň jenaýatlaryny ýatlady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ