Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 4:19 - Mukaddes Kitap

19 eý, patyşa, bu agaç sensiň! Sen ulalyp güýçlendiň. Beýikligiň gitdigiçe ösüp, göge ýetdi, hökümdarlygyň dünýäniň çar künjegine ýaýrady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 эй, патыша, бу агач сенсиң! Сен улалып гүйчлендиң. Бейиклигиң гитдигиче өсүп, гөге етди, хөкүмдарлыгың дүнйәниң чар күнҗегине яйрады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 4:19
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Rahel kakasyna: «Kaka, seniň ýanyňda ýerimden turmaýanlygym üçin meni bagyşla, çünki häzir men görüm görýärin» diýdi. Laban hernäçe agtarsa-da, butlardan derek tapyp bilmedi.


Ýusup oňa şeýle diýdi: «Düýşüň ýorgudy, ine, şeýle: üç şaha üç gündür.


Abadýa ýolda Ylýas pygambere duşdy. Abadýa ony tanap, öňünde baş egip, oňa şeýle diýdi: «Jenabym Ylýas, bu senmisiň?»


Ýöne indi Sen bularyň günälerini geçeweri, ýogsa-da meniň adymy Öz adamlaryňyň ady ýazylan kitabyňdan öçür» diýdi.


Sizi ýesir edip getiren şäherimiň parahatlygyny gazanmaklyga çalşyň. Ol şäher üçin Rebbe dileg ediň, çünki siziň parahatlygyňyz onuň parahatlygyna baglydyr“.


Wah janym, wah janym! Agyryma çydamok! Wah, kalbymyň aýnasy! Ýüregim hasrat çekýär, ümsüm bolup bilemok, çünki sen, eý, janym, eşitdiň surnaý sesin, söweş nagrasyn.


Baş gözegçi olaryň adyny üýtgetdi. Danyýele Belteşasar, Hananýa Şadrak, Mişaýyla Meýşak, Azarýa Abednego diýip at goýdy.


Patyşa Belteşasar diýlip atlandyrylan Danyýelden: «Sen maňa nähili düýş görenimi aýdyp, ony ýorup bilersiňmi?» diýip sorady.


Eý, siziň alyhezretiňiz, siz şalaryň şasysyňyz. Gögüň Hudaýy saňa şalyk, güýç, gudrat we şöhrat berdi.


Şonuň üçin hem, eý, şahym, meniň maslahatymy kabul et: günäleriňden adalatyň bilen, ýazyklaryňdan garyplara rehim etmegiň bilen dyn. Belki şonda asudalygyň möhleti uzar».


Patyşanyň Belteşasar diýip at beren bu Danyýeline düýşleri ýormakda, tapmaçalary bilmekde, kyn ýagdaýdan çykalga tapmakda ýiti aň, bilim we düşünje berlipdir. Indi Danyýeli çagyrt, bu ýazgynyň manysyny saňa ol aýdyp berer».


Eý, patyşa, Beýik Hudaý seniň ataň Nebukadnesara patyşalyk, beýiklik, şan-şöhrat we hormat berdi.


Hudaýyň oňa beren beýikliginden ýaňa ähli halklar, milletler we uruglar ondan gorkup sandyraşýardylar. Ol islän adamyny öldürip, islän kişisini-de diri goýýardy. Halanyny beýgeldip, halanyny-da peseldýärdi.


Gören görnüşlerim men Danyýeli böwrüme pyçak sanjylan ýaly howsala saldy.


Ine, şu ýerde gürrüň gutarýar. Pikirlerim men Danyýeli howsala saldy, ýüzümde reňk-pet galmady, emma men bu sözleri ýüregimde sakladym.


Men Danyýel takatdan düşdüm, birnäçe günläp ýaramadym. Soňra aýak üstüne galyp, ýene-de patyşanyň işleri bilen meşgul boldum. Men bu görnüşe aňka-taňka boldum, oňa düşünmedim.


Seni görüp, daglar titreşdi, siller joşdy, çuňluklar seslenip, tolkunlar möwç urdy.


Hanna oňa: «Ýok, agam, men serhoş däl, men ýarym göwün bir biçäre. Meniň çakyr-şerapdan içen zadym ýok. Men diňe Rebbiň huzurynda içimi dökýän.


Şeýdip, Dawut öz adamlaryna käýedi we olara Şawulyň garşysyna uruşmaga rugsat bermedi. Şawul bolsa gowakdan çykyp, öz ýoluna gitdi.


Dawut oňa: «Sen beýik adam dälmi näme? Ysraýylda saňa, heý, taý geljek barmyka? Onda näme üçin sen öz jenabyň patyşa gözegçilik etmediň? Çünki kimdir biri seniň jenabyň patyşany öldürmäge geldi.


Eliý Şamuwele: «Ol saňa näme diýdi? Menden ýaşyrma. Onuň aýdanlarynyň ýekejesini menden gizläýseň, goý, Hudaý saňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ