Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 4:14 - Mukaddes Kitap

14 Bu höküm gözegçileriň karary bilen çykdy. Bu çözgüt perişdeleriň buýrugy bilen berildi. Ähli janly-jandarlar şuny bilsin: ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaý höküm sürýär. Ol patyşalygy Öz islän adamyna berýär. Ynsanyň iň pesini onuň üstünden goýýar“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Бу хөкүм гөзегчилериң карары билен чыкды. Бу чөзгүт перишделериң буйругы билен берилди. Әхли җанлы-җандарлар шуны билсин: ынсан патышалыгының үстүнден Бейик Худай хөкүм сүрйәр. Ол патышалыгы Өз ислән адамына берйәр. Ынсаның иң песини онуң үстүнден гойяр“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 4:14
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olary ene ýatgysy unudýar, gurt olary iýip, lezzet alýar, olar hiç kimiň ýadyna düşmeýärler, adalatsyzlyk agaç kimin syndyrylýar.


„Men dünýäni, ýer ýüzünde ýaşaýan ynsanlardyr haýwanlary beýik gudratym hem güýjüm bilen ýaratdym. Olary göwnümiň islän kişisine bererin.


Babyldan gaçyň, her kim janyny halas etsin! Onuň ýazygy sebäpli heläk bolmaň, çünki bu Rebbiň öç aljak wagtydyr, Babylyň almytyny berjek Oldur.


Biz Babyla şypa berjek bolduk, ýöne ol şypa tapmady! Ony taşlaň, gideliň! Her kim öz ýurduna gitsin! Onuň agyr hökümi göklere ýetdi, bulutlara çenli beýgeldi.


Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Onuň boýy ösüp, başy bulutlara ýetende, bu beýiklik onuň ýüreginde tekepbirlik döretdi.


Döwri we pasyllary üýtgedýän Oldur. Patyşalary tagtdan agdaryp, tagta çykarýar. Ol akyldara pähim-paýhas, düşünjelä bilim berýär.


jarçy batly ses bilen şuny yglan etdi: «Eý, halklar, milletler, uruglar! Size şeýle buýruk berilýär:


Emma onuň köküni we damaryny daşyna demir we bürünç aýlap, meýdan otlarynyň arasynda goýuň. Goý, ol gögüň çygy bilen ýuwunsyn. Çöl haýwanlary bilen birlikde ýerdäki otlardan paý alsyn.


Agajyň köküniň we damarynyň goýulmagy barada buýruk berlişi ýaly, sen Gökdäkiniň hökümdarlygyna göz ýetireniňden soň, patyşalygyň täzeden dikeldiler.


Sen ynsanlar arasyndan kowlup, ýabany haýwanlar bilen ýaşarsyň. Öküzler ýaly ot iýersiň. Ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaýyň höküm sürýändigine we ony Özüniň islän adamyna berýändigine düşünýänçäň, seniň üstüňden ýedi pasyl aýlanar».


Emma ol doňýürek bolup, tekepbirlik bilen gopbamsy hereket edende, patyşalyk tagtyndan düşürildi we şöhraty elinden alyndy.


Ol ynsanlar arasyndan kowuldy, aňy haýwan aňyna öwrüldi. Ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaýyň höküm sürýändigine we patyşalygy Özüniň islän adamyna berýändigine düşünýänçä, ol ýabany eşekler bilen ýaşady, öküzler ýaly ot iýdi, endamy gögüň çygy bilen ýuwuldy.


Ine, palta eýýäm agaçlaryň düýbünde ýatyr: oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanar.


Oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanýandyr.


Ine, palta eýýäm agaçlaryň düýbünde ýatyr: oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanar».


arslanyň arryldysyna meňzeş batly ses bilen gygyrdy. Soňra ýedi gök gürrüldisi gürledi.


Perişde batly gygyryp, şeýle diýdi: «Ýykyldy! Beýik Babyl ýykyldy! Ol jynlaryň mesgenine öwrüldi, ähli arwahlaryň sürenine öwrüldi, dürli haram we nejis guşlaryň penasyna öwrüldi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ