Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 3:7 - Mukaddes Kitap

7 Şeýlelikde, surnaýyň, tüýdügiň, liranyň, üçburç liranyň, arfanyň, depregiň we beýleki saz gurallarynyň sesi eşidilen badyna ähli halklar, milletler we uruglar ýere ýüzin düşüp, Nebukadnesar patyşanyň diken altyn heýkeline sežde etdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Шейлеликде, сурнайың, түйдүгиң, лираның, үчбурч лираның, арфаның, депрегиң ве бейлеки саз гуралларының сеси эшидилен бадына әхли халклар, миллетлер ве уруглар ере йүзин дүшүп, Небукаднесар патышаның дикен алтын хейкелине сежде этдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 3:7
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Babyl Rebbiň elinde bütin dünýäni serhoş edýän altyn pyýala kimindi. Milletler onuň şerabyndan içdiler, munuň üçin akylyndan azaşdylar.


Soňra Nebukadnesar patyşa ýere ýüzin düşüp, Danyýele tagzym etdi. Oňa galla sadakasyny we ýakymly ysly tütetgi hödür etmeklerini buýurdy.


Eý, patyşa, sen surnaýyň, tüýdügiň, liranyň, üçburç liranyň, arfanyň, depregiň we beýleki saz gurallarynyň sesi eşidilen badyna ähli kişi ýere ýüzin düşüp, altyn heýkele sežde etmeli diýip buýruk berdiň.


jarçy batly ses bilen şuny yglan etdi: «Eý, halklar, milletler, uruglar! Size şeýle buýruk berilýär:


Surnaýyň, tüýdügiň, liranyň, üçburç liranyň, arfanyň, depregiň we beýleki saz gurallarynyň sesini eşiden badyňyza Nebukadnesar patyşanyň diken altyn heýkeliniň öňünde ýere ýüzin düşüp sežde ediň.


Ýere ýüzin düşüp sežde etmedik adam duran ýerinde ýanyp duran kürä taşlanjakdyr».


Edil şol wagt babyllylardan käbirleri patyşanyň huzuryna gelip, ýahudylary ýamanladylar.


Geçen döwürde Hudaý ähli milletlere öz ýollary boýunça ýöremäge rugsat berdi.


Biz özümiziň Hudaýdandygymyzy, bütin dünýäniň bolsa şeýtanyň golastyndadygyny bilýäris.


Uly aždarha öz perişdeleri bilen ýere taşlandy. Hawa, bütin dünýäni azdyryp, iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan bu gadymy ýylan ýere taşlandy.


Bu jandar birinji jandaryň adyndan alamatlar görkezip, ýer ýüzüniň ilatyny aldawa salýardy. Ol gylyç bilen ölüm howply ýara salnandygyna garamazdan, direlen jandaryň heýkelini ýasamagy ilata buýurdy.


Jandaryň kelleleriniň birine ölüm ýarasy salnan eken. Ýöne bu ýara bitdi. Bütin dünýä haýran galyp, jandaryň yzyna düşdi.


Ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsan bu jandara sežde eder. Bu jandara diňe dünýä ýaradylmazdan öň atlary Ýaşaýyş kitabyna ýazylan adamlar sežde etmez. Ýaşaýyş kitaby damagy çalnan Guzynyňkydyr.


Seniň gören jandaryň birwagtlar bardy, ýöne indi ýok. Emma soňra ol heläk bolmazyndan öň ölüler dünýäsinden çykar. Ýer ýüzüniň ilaty, ýagny dünýä ýaradylany bäri atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylmadyklar bu jandary görenlerinde haýran galarlar, sebäbi ol birwagtlar bardy, indi ýok, ýöne ýene geler.


Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ