Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 3:29 - Mukaddes Kitap

29 Şonuň üçin hem men perman çykarýaryn: Şadragyň, Meýşagyň we Abednegonyň Hudaýyna garşy küpür geplän her bir halkyň, milletiň ýa-da urugyň el-aýagy çapylyp, öý-öwzary weýran ediljekdir. Çünki şunuň ýaly halas edip biljek başga hiç bir hudaý ýokdur».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

29 Шонуң үчин хем мен перман чыкарярын: Шадрагың, Мейшагың ве Абеднегоның Худайына гаршы күпүр геплән хер бир халкың, миллетиң я-да уругың эл-аягы чапылып, өй-өвзары вейран эдилҗекдир. Чүнки шунуң ялы халас эдип билҗек башга хич бир худай ёкдур».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 3:29
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Bagalyň dikme daşyny ýykdylar. Bagalyň buthanasyny ýykyp, ony hajathana öwürdiler. Ol şu güne çenli hem şeýledir.


Şeýle hem kim şu permana boýun egmese, onuň öýünden pürs sogrulyp, öý eýesini şoňa çişlemegi buýruk berýärin. Onuň öýi bolsa harabalyga öwrülsin.


Galk Sen, ýa Reb! Eý, Hudaýym, halas et meni! Ähli duşmanlarymyň äňine urýaň, erbetleriň dişlerini kül-owram edýäň.


Hudaý merhemet etmegi unudaýdymy? Gaharynda rehim-şepagatyny bes edäýdimi? Sela


Patyşa olaryň ählisi bilen tanyşdy. Olaryň hemmesiniň içinde Danyýel, Hananýa, Mişaýyl we Azarýa dagy bilen deňeşdirer ýalysy tapylmady. Şonuň üçin patyşanyň hyzmatyna olar bellendiler.


Baş gözegçi olaryň adyny üýtgetdi. Danyýele Belteşasar, Hananýa Şadrak, Mişaýyla Meýşak, Azarýa Abednego diýip at goýdy.


Onsoň Danyýel öýüne baryp, bu ahwalaty ýoldaşlary Hananýa, Mişaýyla we Azarýa habar berdi.


Patyşa Danyýele: «Sen bu syry açyp bildiň. Hakykatdan-da, seniň Hudaýyň hudaýlaryň Hudaýy, patyşalaryň Taňrysy we syrlary aýan edýän Hudaýdyr» diýdi.


Danyýel patyşadan haýyş edip, Şadragy, Meýşagy we Abednegony Babyl welaýatynyň ýokary wezipelerine belletdi, emma Danyýeliň özi köşkde galdy.


Patyşa müneçjimlere şeýle jogap berdi: «Men şeýle karara geldim: eger-de siz meniň gören düýşümi we onuň ýorgudyny aýdyp bermeseňiz, siziň el-aýaklaryňyzy çapyp, öýleriňizi weýran etdirerin.


Ine, Babyl welaýatynda seniň ýokary wezipelere bellän Şadrak, Meýşak we Abednego atly ýahudylaryň bar. Ine, patyşahym, şol adamlar seniň buýrugyňa boýun egmeýärler. Olar seniň hudaýlaryňa gulluk etmeýärler we seniň diken altyn heýkeliňe sežde etmeýärler».


Entek hem bir pille, siz surnaýyň, tüýdügiň, liranyň, üçburç liranyň, arfanyň, depregiň we beýleki saz gurallarynyň sesini eşiden badyňyza ýüzüňizi ýere berip, meniň diken heýkelime sežde etmäge taýýar bolsaňyz ne ýagşy. Emma sežde etmekden boýun gaçyrsaňyz, duran ýeriňizde ýanyp duran kürä taşlanarsyňyz. Sizi meniň elimden halas edip biljek hudaý barmyka?» diýdi.


Eý, patyşahym, bizi ýanyp duran küreden halas edip bilýän Hudaý – bu biziň gulluk edýän Hudaýymyzdyr, Ol bizi seniň eliňden halas eder.


Nebukadnesar şeýle diýdi: «Şadragyň, Meýşagyň we Abednegonyň Hudaýyna alkyş bolsun! Perişdesini iberip, Özüne bil baglan gullaryny halas etdi. Olar patyşanyň buýrugyna boýun bolmadylar. Özleriniň Hudaýyndan başga hudaýa gulluk ýa sežde etmezlik üçin, janlaryny howp astyna saldylar.


Şeýdip, patyşa Darýuşyň we Pars patyşasy Kureşiň döwründe Danyýel rowaçlandy.


Çünki biziň Gaýamyz ýaly däl olaň gaýasy, duşmanymyzyň özi hem bilýär muny.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ