Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 3:25 - Mukaddes Kitap

25 Patyşa: «Emma men oduň içinde gezip ýören, el-aýagy çözülen dört adamy görýärin. Olara hiç hili zeper ýetmändir we olaryň dördünjisiniň keşbi hudaýlaryň biriniňkä meňzeýär» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Патыша: «Эмма мен одуң ичинде гезип йөрен, эл-аягы чөзүлен дөрт адамы гөрйәрин. Олара хич хили зепер етмәндир ве оларың дөрдүнҗисиниң кешби худайларың бириниңкә меңзейәр» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 3:25
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bir gün ylahy barlyklar Rebbiň huzurynda häzir bolmaga gelenlerinde, şeýtan-da olaryň arasy bilen geldi.


Şonda daň ýyldyzlary aýdym aýdyşdylar, ähli ylahy barlyklar begenjinden gygyryşdylar.


Ol seni alty betbagtçylykdan gutarar, ýedinjiden-de saňa zyýan ýetmez.


Çünki sebäpsiz ýere meniň üçin duzak gurdular; sebäpsiz ýere meniň üçin çukur gazdylar.


Kim göge çykyp, aşak indi? Ýeli owujynda toplan kim? Suwlary geýiminde oran kim? Kim ýeriň ähli uçlaryny berkarar etdi? Onuň ady näme? Onuň oglunyň ady näme? Bilýäňmi näme?


Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde, derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar, oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn ýakmaz seni.


Olar seniň garşyňa söweşerler, emma senden üstün çykmazlar. Çünki seni halas etmek üçin Men seniň bilendirin». Muny Reb aýdýandyr.


Olardan gorkma, seni halas etmek üçin Men seniň bilendirin». Muny Reb aýdýandyr.


Seni erbetleriň elinden azat ederin, rehimsizleriň penjesinden halas ederin».


Ýöne Ol bizi halas etmese-de, eý, patyşahym, şuny bilip goýgun: biz seniň hudaýlaryňa gulluk etmeris, seniň diken altyn heýkeliňe sežde etmeris».


Şol wagt Nebukadnesar patyşa gorkudan ýaňa aňk bolup, haýran galyp, çaltlyk bilen ör-boýuna galdy. Ol geňeşçilerine ýüzlenip: «Biziň daňyp, oduň içine atanymyz üç adam dälmidi näme?» diýdi. Olar: «Dogry, eý, patyşahym!» diýip jogap berdiler.


Nebukadnesar şeýle diýdi: «Şadragyň, Meýşagyň we Abednegonyň Hudaýyna alkyş bolsun! Perişdesini iberip, Özüne bil baglan gullaryny halas etdi. Olar patyşanyň buýrugyna boýun bolmadylar. Özleriniň Hudaýyndan başga hudaýa gulluk ýa sežde etmezlik üçin, janlaryny howp astyna saldylar.


Patyşa muňa gaty begendi we Danyýeli çukurdan çykarmaklygy buýurdy. Şeýdip, Danyýel çukurdan çykaryldy, onda hiç hili ýara yzy ýokdy, çünki ol öz Hudaýyna bil baglapdy.


Elleri bilen ýylan tutsalar-da, zäher içseler-de, olara zeper ýetmez. Ellerini hassalaryň başyna goýarlar, olar hem sagalar».


Perişde oňa: «Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, Beýik Hudaýyň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak çaga Mukaddes saýylar, Oňa Hudaýyň Ogly diýler.


Emma Pawlus elini silkip, ýylany oduň içine zyňdy, hiç bir zyýan hem görmedi.


Hudaý Rebbimiz Isa Mesihi ölümden direldip, Ony Mukaddes Ruhdan doldurdy. Şeýdip, Onuň Hudaýyň gudratly Ogludygy tassyklandy.


Ýagşylyk etmäge jan etseňiz, size kim ýamanlyk eder?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ