Onsoň Ýermeýany tutup, patyşanyň ogly Malkyýanyň gurruk guýusyna taşladylar, ol guýy garawullaryň howlusynda ýerleşýärdi. Ony tanap bilen aşak salladylar. Guýuda suw ýokdy, diňe läbik bardy. Ýermeýa läbige batdy.
Şol wagt Nebukadnesar patyşa gorkudan ýaňa aňk bolup, haýran galyp, çaltlyk bilen ör-boýuna galdy. Ol geňeşçilerine ýüzlenip: «Biziň daňyp, oduň içine atanymyz üç adam dälmidi näme?» diýdi. Olar: «Dogry, eý, patyşahym!» diýip jogap berdiler.
lowlaýan ody öçürdiler, gylyjyň tygyndan gaçyp gutuldylar, ejiz bolsalar hem güýçden doldular, söweşde kuwwatlanyp, keseki goşunlary derbi-dagyn etdiler.