Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 3:19 - Mukaddes Kitap

19 Şundan soň Şadraga, Meýşaga we Abednego garşy Nebukadnesaryň gahar-gazaby ot bolup tutaşdy. Gahardan ýaňa hatda onuň ýüzi gamaşyp gitdi. Ol ýanyp duran küräni adatdakysyndan hem ýedi esse artyk gyzdyrmaklaryny buýurdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Шундан соң Шадрага, Мейшага ве Абеднего гаршы Небукаднесарың гахар-газабы от болуп туташды. Гахардан яңа хатда онуң йүзи гамашып гитди. Ол янып дуран күрәни адатдакысындан хем еди эссе артык гыздырмакларыны буюрды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 3:19
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mordekaýyň dyza çöküp, özüne tagzym etmeýändigini görende, Haman gahar-gazapdan doldy.


Patyşa gazaba münüp, meýlisden çykyp, köşk bagyna tarap çykyp gaýtdy. Haman şa aýaly Esterden öz janyny dilejek bolup şol ýerde galdy, çünki ol patyşanyň özüni öldürmek kararyna gelendigini görüp durdy.


Hudaý merhemet etmegi unudaýdymy? Gaharynda rehim-şepagatyny bes edäýdimi? Sela


Patyşanyň gazaby ölüm çaparydyr, ýöne parasatly adam ony köşeşdirýär.


Çendenaşa bihaýa iş edýän gedem hem tekepbir adamyň ady masgaralaýjydyr.


Bu käsäni sütemkärleriňiň eline bererin, Olar saňa: „Üstüňden geçerimiz ýaly, ýerde ýüzin ýat“ diýdi. Senem olar geçer ýaly ýer kimin, ýol kimin etdiň arkaňy».


Patyşa muny eşidip, gazap atyna atlandy. Ol Babylyň ähli akyldarlaryny öldürmegi buýurdy.


Şonda Nebukadnesar gahar-gazaba münüp, Şadragy, Meýşagy we Abednegony getirmeklerini buýurdy. Şeýdip, olary patyşanyň huzuryna getirdiler.


Şeýle hem ol goşunyndaky iň güýçli esgerlere Şadragyň, Meýşagyň we Abednegonyň el-aýagyny daňyp, olary ýanyp duran kürä taşlamaklaryny buýurdy.


Patyşanyň ýüzünde reňk-pet galmady, pikirleri ony howsala saldy. Onuň süňňi saňňyldap, dyzlary biri-birine degip sandyrap başlady.


Patyşanyň buýrugy boýunça Danyýeli şugullan adamlary getirdiler. Olary çagalary we aýallary bilen bilelikde ýolbarsly çukura taşladylar. Olar entek çukuryň düýbüne ýetmänkäler, ýolbarslar olary gapyp, ähli süňklerini owradyp kül etdiler.


Şeýle betbagtçylyklardan soňam siz Maňa gulak asmasaňyz, onda Men size öňküden ýedi esse artyk jeza bererin.


Eger siz Maňa garşy gitmegiňizi dowam edip, Maňa gulak asmasaňyz, boýnuýogynlygyňyz üçin Men size ýene-de ýedi esse artyk jeza bererin.


Mejlisiň agzalary muny eşidende gahar-gazaba münüp, olary öldürmegiň küýüne düşdüler.


Baş mejlisiň agzalary bu sözleri eşidenlerinde, gahar-gazaba münüp, Stefana dişlerini gyjadylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ