Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 3:12 - Mukaddes Kitap

12 Ine, Babyl welaýatynda seniň ýokary wezipelere bellän Şadrak, Meýşak we Abednego atly ýahudylaryň bar. Ine, patyşahym, şol adamlar seniň buýrugyňa boýun egmeýärler. Olar seniň hudaýlaryňa gulluk etmeýärler we seniň diken altyn heýkeliňe sežde etmeýärler».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Ине, Бабыл велаятында сениң ёкары везипелере беллән Шадрак, Мейшак ве Абеднего атлы яхудыларың бар. Ине, патышахым, шол адамлар сениң буйругыңа боюн эгмейәрлер. Олар сениң худайларыңа гуллук этмейәрлер ве сениң дикен алтын хейкелиңе сежде этмейәрлер».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 3:12
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Haman Kserks patyşa şeýle diýdi: «Siziň patyşalygyňyzyň ähli welaýatlaryndaky halklaryň arasyna ýaýran, ýöne olardan aýry ýaşaýan bir halk bar. Olaryň kanunlary-da beýleki halklaryňkydan üýtgeşik. Mundan başga-da, olar patyşanyň kanunlaryny berjaý etmeýärler. Olara beýle zada ýol bermeklik patyşanyň bähbidine däl.


Gazap zabundyr, gahar sil kimindir, emma gabanjaňlygyň öňünde kim durup biler?


Men ýene-de bir adamyň bar çeken zähmetiniň, ussatlyk bilen eden ähli işleriniň goňşusyna bolan göriplik zerarly edilendigini gördüm. Bu-da biderek, salgyma çapmak.


Baş gözegçi olaryň adyny üýtgetdi. Danyýele Belteşasar, Hananýa Şadrak, Mişaýyla Meýşak, Azarýa Abednego diýip at goýdy.


Soňra patyşa Danyýele ýokary wezipe berdi, oňa köp gymmatbaha sowgatlar etdi. Ony tutuş Babyl welaýatyna ýolbaşçy belledi we ähli Babyl akyldarlaryna baştutan goýdy.


Danyýel patyşadan haýyş edip, Şadragy, Meýşagy we Abednegony Babyl welaýatynyň ýokary wezipelerine belletdi, emma Danyýeliň özi köşkde galdy.


Ýere ýüzin düşüp sežde etmedigiň ýanyp duran kürä taşlanjakdygyny duýdurypdyň.


Şadrak, Meýşak we Abednego Nebukadnesar patyşa şeýle jogap berdiler: «Bu ýagdaýda özümizi senden goramagyň geregi ýok.


Şonuň üçin hem men perman çykarýaryn: Şadragyň, Meýşagyň we Abednegonyň Hudaýyna garşy küpür geplän her bir halkyň, milletiň ýa-da urugyň el-aýagy çapylyp, öý-öwzary weýran ediljekdir. Çünki şunuň ýaly halas edip biljek başga hiç bir hudaý ýokdur».


Soňra patyşa Şadragy, Meýşagy we Abednegony Babyl welaýatynda has-da ýokary wezipelere belledi.


Olar: «Şahym, Ýahudadan ýesir edilip getirilenleriň biri bolan Danyýel seni-de, seniň möhür basan permanyňy-da äsgermän, günde üç gezek dileg edýär» diýip, patyşa habar berdiler.


Bu sözleri eşidip, patyşa agyr ünjä batdy. Ol Danyýeli halas etmegi ýüregine düwdi. Hatda Gün batýança, ony halas etmäge çalyşdy.


Ýason olara öýünden jaý berdi. Olaryň hemmesi Isa diýen patyşa bar diýip, imperatoryň permanlaryna garşy çykýarlar» diýip gygyrdylar.


«Biz size şu at bilen wagyz etmäň diýip, berk tabşyryk bermänmidik? Siz bolsa öz taglymatyňyz bilen bütin Iýerusalimi doldurdyňyz. Bu adamyň ganyny hem biziň üstümize ýüklejek bolýarsyňyz» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ