Eý, patyşa, sen surnaýyň, tüýdügiň, liranyň, üçburç liranyň, arfanyň, depregiň we beýleki saz gurallarynyň sesi eşidilen badyna ähli kişi ýere ýüzin düşüp, altyn heýkele sežde etmeli diýip buýruk berdiň.
Ine, Babyl welaýatynda seniň ýokary wezipelere bellän Şadrak, Meýşak we Abednego atly ýahudylaryň bar. Ine, patyşahym, şol adamlar seniň buýrugyňa boýun egmeýärler. Olar seniň hudaýlaryňa gulluk etmeýärler we seniň diken altyn heýkeliňe sežde etmeýärler».
Olar: «Şahym, Ýahudadan ýesir edilip getirilenleriň biri bolan Danyýel seni-de, seniň möhür basan permanyňy-da äsgermän, günde üç gezek dileg edýär» diýip, patyşa habar berdiler.
Patyşalygyň ähli wezirleri, serdarlary, häkimleri, geňeşçileri we emirleri patyşanyň bir perman çykaryp, ony güýje girizmegi barada özara maslahatlaşdylar. Eý, patyşahym, kimde-kim otuz günüň dowamynda senden başga bir ynsana ýa-da hudaýa dileg edip ýüz tutsa, ýolbarsly çukura taşlansyn.