Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 3:1 - Mukaddes Kitap

1 Nebukadnesar patyşa bir altyn heýkel ýasatdy. Onuň boýy altmyş, ini alty tirsekdi. Patyşa heýkeli Babyl welaýatynyň Deýra diýen düzlüginde dikdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Небукаднесар патыша бир алтын хейкел ясатды. Онуң бойы алтмыш, ини алты тирсекди. Патыша хейкели Бабыл велаятының Дейра диен дүзлүгинде дикди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 3:1
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, patyşa pikirini jemläp, iki sany altyn göle ýasap, halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Iýerusalime şu wagta çenli gatnanyňyz besdir. Eý, ysraýyllar, sizi Müsürden çykaran hudaýlaryňyz şulardyr».


Bu waka Kserks patyşanyň döwründe bolup geçipdi. Kserks Hindistan bilen Efiopiýanyň aralygyndaky bir ýüz ýigrimi ýedi welaýatyň üstünden şalyk sürýärdi.


Faraony, goşunyny Gyzyl deňizde derbi-dagyn eden-de Oldur, Onuň söýgüsi baky.


Özüňiz üçin Menden başga altyn-kümüşden hudaýlar ýasamaň.


Şeýdip, Musa Rebbiň ýanyna gaýdyp geldi we Oňa: «Wah, bu halk özüne altyndan göle ýasap, agyr günä etdi.


Şol gün adamlar özleriniň sežde etmek üçin ýasan altyn-kümüş butlaryny körsyçanlaryň, ýarganatlaryň öňüne oklarlar.


Onsoň kümüş bilen örtülen butlaryňyzy, altyna gaplanan heýkelleriňizi haram saýarsyňyz; olary haram esgi hökmünde taşlarsyňyz, siz olara: «Güm boluň!» diýersiňiz.


Altyny torbadan guýýanlar, kümşi terezide çekýänler bir zergäri hakyna tutýarlar, ol-da olardan bir hudaý ýasaýar; olar ýere ýüzin düşüp, oňa sežde edýärler.


Tarşyşdan – ýenjilen kümüş, Upazdan altyn getirilýär. Ussanyň hem zergäriň hünäridir butlar, gök hem gyrmyzy eşik geýdirerler olara, barysy hem ökde hünärmentleriň işidir.


Heý, ynsan özüne hudaýlar ýasarmy? Olar hudaý däl ahyryn!


Soňra patyşa Danyýele ýokary wezipe berdi, oňa köp gymmatbaha sowgatlar etdi. Ony tutuş Babyl welaýatyna ýolbaşçy belledi we ähli Babyl akyldarlaryna baştutan goýdy.


Danyýel patyşadan haýyş edip, Şadragy, Meýşagy we Abednegony Babyl welaýatynyň ýokary wezipelerine belletdi, emma Danyýeliň özi köşkde galdy.


Nebukadnesar olara: «Eý, Şadrak, Meýşak, Abednego, siz hakykatdan hem meniň hudaýlaryma gulluk etmeýärsiňizmi, diken altyn heýkelime sežde etmeýärsiňizmi?


Soňra patyşa Şadragy, Meýşagy we Abednegony Babyl welaýatynda has-da ýokary wezipelere belledi.


Gaýtam, özüňi gögüň Taňrysyna garşy goýup, tekepbirlik etdiň. Onuň ybadathanasynyň gap-gaçlaryny seniň huzuryňa getirdiler. Seniň özüň, töreleriň, aýallaryň we gyrnaklaryň olara şerap guýup içdiňiz. Görmeýän, eşitmeýän we bilmeýän, kümüşden, altyndan, bürünçden, demirden, agaçdan, daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladyňyz. Emma janyňyzy Öz elinde saklaýan we ähli ýollaryňyza göz-gulak bolýan Hudaýy şöhratlandyrmadyňyz.


Olar şerap içip, altyndan, kümüşden, bürünçden, demirden, agaçdan we daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladylar.


Ýöne ol bilmedi, gallany, täze şeraby, täzeje ýagy beren, Bagal butuna harçlan altynyny, kümşüni bol eden Men.


Menden soraşman, özlerine patyşalar bellediler. Menden soragsyz serdarlary seçdiler. Kümüşden, altyndan özlerine weýrançylyk getirýän butlar ýasadylar.


Agaja: «Oýan!», dilsiz daşa: «Tur!» diýýäniň, dat gününe! But ýol görkezip bilermi? Altyn-kümşe gaplanandyr ol, ýöne içinde jany bolmaz.


Hawa, biz Hudaýyň zürýatlarydyrys. Şonuň üçin-de, biz Ony ynsan sungaty we hünäri arkaly altyndan, kümüşden ýa-da daşdan ýasalan heýkele meňzetmeli däldiris.


Emma Pawlusyň: „Ynsan eli bilen ýasalan hudaýlar asla hudaý däldir“ diýip, diňe Efesde däl, eýsem, bütin Aziýa welaýatynda köp adamlary ynandyryp azdyrandygyny-da görüp-eşidýänsiňiz.


Olaryň hudaýlarynyň butlaryny ýakyň. Özüňize almak üçin olardaky altyna, kümşe göz gyzdyrmaň, sebäbi bu size duzak bolar. Çünki bu Hudaýyňyz Reb üçin nejis zatdyr.


Bu belalardan aman galan adamlar şonda-da elleriniň pis işlerinden dänip, toba gelmediler. Olar jynlara, altyndan, kümüşden, bürünçden, daşdan we agaçdan ýasalyp, eşitmeýän, görmeýän, ýöremeýän butlara sežde etmeklerini bes etmediler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ